Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2023
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28
29
30 31

Aşgabatda çörek nobatlaryndaky adamlar azalmaýar, dawa-jenjel köpelýär

0
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda un we çörek gytçylygy saklanyp galýar. Aşgabadyň dükanlarynyň öňünde arzan çöregi satyn almak üçin nobata durýan adamlaryň sany artmasa azalmaýar. Çörek alyjylaryň ählisine ýetmeýän mahaly, dawa-jenjel ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Häkimiýetler problemalary boýun alyp, olary çözmek üçin netijeli çäre görmeýän mahaly, ilatyň arasynda sosial dartgynlylyk artýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji oktýabrda Aşgabatdan maglumat berdi.


“Adamlar döwlet dükanlarynda her ele iki ýa-da üç sany satylýan buhanka çöregini satyn almak üçin daňdan garaňkyda, sagat 5 töwereginde nobata durup başlaýarlar. Häkimiýetler nobatlary gizlemek üçin çöregi dükanyň arka gapysyndan satýarlar. Sagat 7-de başlanýan çöregiň satuwy 10-15 minutdan uzaga çekmeýär” diýip, habarçymyz aýtdy.


Satuwa çykarylýan çöregiň sanynyň çäklidigi we nobata duran adamlaryň sanynyň köplügi sebäpli, çörek alyjylaryň üçden bir bölegine ýetmeýär.




“250 çemesi çörek satylýar. Nobata duranlaryň 60-70 göterimi çörek satyn alyp bilýär. Çörek nobatyna gijräk gelenler, ýagny 6-a golaý dükana gelen adamlar özlerine çörek ýetmejekdigine göz ýetirip, nobat bellemezden, dessine öýlerine dolanýarlar. Ýöne iki sagat nobatda garaşyp, çörek satyn alyp bilmedik adamlar bilen dükan satyjylarynyň arasynda dawa-jenjel ýygy-ýygydan ýüze çykýar” diýip, habarçymyz belledi.


Paýtagtyň döwlet dükanlarynyň biriniň arka gapysynyň öňünde düşürilen wideoýazgyda daň atmanka garaňkyda, güýz säheriniň aýazly sowugynda 20-den gowrak adamyň we çaganyň çörek satyn almaga garaşýandygyny görse bolýar.


“Bu ýagdaýlar ilat arasynda sosial dartgynlygyň günsaýyn artmagyna getirýär” diýip, aşgabatly alyjylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.


Ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda indi ýedi ýyl çemesi wagt bäri ilata bazar bahalary bilen deňeşdirilende arzan bahadan azyk harytlary hödürlenýär. Krizisiň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, ýurtda köp hojalyk ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly bolup galýar.


Dükan işgärleriniň biriniň anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň bermegine görä, döwletiň arzan önümlerine garaşly bolýan raýatlar köpelýär. Ýöne häkimiýetler ilat arasynda garyplygyň derejesini pes edip görkezmek üçin, arzan önümlere mätäç raýatlaryň sanyny kemeldip görkezýär.


“Şol ýalan maglumatlar esasynda dükanlara çäkli mukdarda subsidirlenen çörek goýberilýär. Olar problemany çözmäge derek, ýaşyrmagy saýlap alýarlar. Emma ‘iňňäni haltada bukup, saklap bolmaýar’ diýlişi ýaly problema iru-giç ýüze çykýar” diýip, dükan işgäri aýtdy.




Azatlygyň bu ýagdaýlar barada paýtagtyň söwda edarasyndan kommentariý almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.


Häzirki wagtda paýtagtyň dükanlarynda arzan buhanka çöreginiň üç sanysy 2 manada satylýar, erkin söwdadaky iň arzan çörekleriň bahasy 3-4 manatdan başlanýar. Hususyýetçilerde satylýan çörekler 5-15 manat aralygynda bahalanýar.


“Soňky bir aý bäri döwlet dükanlarynda ilata daşary ýurtlardan import edilen towuk budy hem çäkli möçberde arzan bahadan satylýar. Her ele günde üç sany towuk budy berilýär. Onuň bir kilogramy 16 manat bolup, üç sany towuk budunyň bahasy onuň umumy agramyna görä kesgitlenýär” diýip, habarçymyz belledi.


Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň üpjünçiliginiň ýagdaýy indi alty ýyl çemesi wagt bäri ýaramaz bolmagynda galýar. Ýöne bu ýagdaý soňky iki ýyla golaý wagtyň dowamynda has-da ýitileşdi.


Türkmen hökümeti we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada hiç hili mesele gozgamaýarlar. Hökümet, öňki ýyllardan tapawutlylykda, şu ýyl ýurduň bugdaý meýdanlaryndan ýygnalan galla hasyly bilen bagly sanlary hem äşgär etmedi.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.


 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net