Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2023
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28
29
30 31

Daşary ýurtda iş bilen üpjün etmegi wada berýän ‘hilegärler köpelýär’

0
Türkmenistanda barha köp adamyň has gowy durmuş gözleginde ýurduň daşyna çykmaga ymtylýan wagty, daşary ýurtlarda iş bilen üpjün etmek wadalary bilen raýatlary aldawa salýan, hilegärdigi aýdylýan şahslar köpelýär.


Marydaky habarçymyz soňky aýlar welaýatyň ençeme sebitinde aldawa düşüp, puluny aldyrdan adamlaryň has köp polisiýa arz edýändiklerini anyklady. Ol bu ýagdaýa düşen onlarça raýatyň biriniň başdan geçirenlerini gürrüň berdi. Söhbetdeşlerimiziň howpsuzlygy nukdaý nazaryndan anyk ýer we adam atlary äşgär edilmeýär.


Marynyň 30 ýaşlaryndaky Didar (ady üýtgedilen - red.) atly ýaşaýjysy, ýurtdaky dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, eýýäm bir ýyl çemesi wagt bäri daşary ýurtlaryň birine zähmet migrasiýasyna gitmegi meýilleşdirip gelýärdi.


Emma Didar ýaly başda-da köp adamyň bu ugurda tagalla etmegi, galyberse-de häkimiýetleriň çäklendiriji düzgünleri sebäpli uçar biletleriniň ýiti gytçylygynyň döremegi, onuň bu planlaryny näbelli möhlete çenli yza süýşürdi.




Ýöne mundan bir aý töweregi ozal, goňşy etraplaryň birinde, degişli tölegiň hasabyna, Dubaýa bilet tapyp berip, soňy bilen hem ol ýerde iş bilen üpjün edýändigini öňe sürýän bir adamyň bardygy barada gep-gürrüňler ýaýrady.


“Men we başga-da birnäçe oglan bolup, Parahat diýilýän bu adamyň hyzmatlaryndan peýdalanmak kararyna geldik. Biz, elbetde, hüşgärligi saklajak bolduk. Emma onuň anyk ýaşaýan ýeri belli bolany üçin, käbir adamlaryň hem ony taryplany üçin, oňa ynanmazlyga esas görmedik” diýip, Didar gürrüň berdi.


Ol Parahadyň hödürleýän “hyzmaty” üçin özleriniň her birinden 2 müň 500 dollar möçberinde pul talap edendigini, şeýle-de bilet we geljekki iş bilen bagly beýleki dokumentleri düzetmek üçin daşarky we içerki pasportlaryny hem sorandygyny aýtdy.


“Biz häzirki pursat bu mukdarda puluň ýokdugyny aýtdyk we biraz garaşmagy soradyk. Ol başga-da ilseg bildirýänleriň köpdügini aýtdy we gysga wagtyň içinde jogaby bermesek, onda munuň hasam gijigip biljekdigini duýdurdy. Biz mal-garalarymyzy satyp, birnäçe hepdäniň içinde bu puly toplamaga synanyşjakdygymyzy aýtdyk” diýip, Didar özara bolan gürrüňi beýan etdi.


Emma Parahat ‘wagtyň juda azdygyny’ aýtdy we mallary gyssagarada öz tanyş gassaplarynyň birine satmagy teklip etdi.


“Onuň gyssap durany üçin, muňa razy bolduk. Gassap gijäniň ýary öýümize geldi we mallarymyz üçin bazar nyrhyndan ortaça 1 müň manat kem nyrh sorady. Maşgalanyň beýleki agzalary dawa-jenjel etse-de, biz soňra daşary ýurda çykyp, bu pullaryň hem öwezini dolarys öýdüp, bu şerte-de razy bolduk” diýip, Didar gürrüň berdi.




Mundan bir hepde töweregi wagtdan soň, Parahat Didar bilen habarlaşyp, Marynyň aeroportuna gelmeli gününiň senesini mälim etdi.


“Biz diýlen wagty, diýlen ýere bardyk. Parahadyň elinde pasportlarymyz we Daşoguza çenli bilet bar eken. Ol gonanymyzdan soňra, başga biriniň öňümizden çykjakdygyny we Dubaýa uçmak üçin gerekli taýýarlyklary görjekdigini aýtdy. Biz gaty begendik, hossarlarymyz bilen hem eýýäm hoşlaşyp başladyk” diýip, Didar belledi.


Emma Didar ýurduň demirgazyk welaýatyna gonandan soňra, olaryň öňünden hiç kim çykmaýar, üstesine Parahat hem telefon jaňlaryna jogap bermegini bes edýär.


“Biz şol wagtyň özünde yzymyza – Mara bilet aldyk. Gelen badymyza hem, göni Parahadyň öýüne ugradyk. Emma gapyny başga biri açyp, birnäçe gün mundan ozal bu jaýy kireýine alandygyny aýtdy. Mundan soň, polisiýa edarasyna gitdik. Ol ýerde hem şular ýaly aldawa düşüp arza bilen ýüz tutýanlaryň köpdügini aýtdylar. Soňra jaýyň asyl eýesini çagyrdylar, emma ol Parahat bilen dilden ylalaşyp bir aý möhlet bilen jaýyny kireýine berendigini, onuň nagt töläni üçin, şahsyýetini görkezýän hiç hili resminama hem soramandygyny aýtdy” diýip, Didar başdan geçiren wakalaryny gürrüň berdi.


Habarçymyz Marynyň beýleki sebitlerinde hem Didar ýaly başga-da onlarça raýatyň şular ýaly aldawa düşendigini anyklady.


Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça Marynyň häkimliginden, Polisiýa we Prokuratura edaralaryndan hem maglumat alyp bilmedi.




Soňky onýyllyklarda onlarça müň türkmenistanly daşary ýurtlara çykdy we olaryň arasynda başga ýurtlaryň raýatlygyny ýa oturym rugsadyny alyp, uzak wagtlyk ýaşamaga galanlary hem az däl.


Geçen ýylyň aýagynda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerini yglan eden Türkmenistan ýurtda täze raýatlyk alýan adamlaryň sanyny aýtsa-da, doly göçüp gidýän adamlaryň sanyny aýtmaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net