Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Awazadan dolanýan raýatlar transport kynçylyklaryna sezewar bolýar

0
Hazar deňziniň kenarynda dynç alyş möwsümi ahyrlaýan mahaly, Awaza syýahatçylyk zolagyndan öz ýaşaýan sebitlerine dolanýan raýatlar transport bökdençlikleri bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji awgustda sebitden habar berdi.


Türkmenbaşydan sebit merkezlerine howa ýollary, demir ýollary we gara ýollary arkaly ýola goýlan transport gatnawlary kemeldilýär.


“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenbaşynyň halkara howa menzilinden sebit merkezlerine amala aşyrylýan uçar gatnawlary çäklendirilýär. Şeýle-de, mundan ozal Türkmenbaşydan her gün ýola goýlan otly gatnawlary günaşa tertibe geçirildi. Gara ýollary arkaly diňe Aşgabat ugry boýunça her gün bir awtobus gatnawy öz işini dowam etdirýär, ýöne ýolagçylaryň köpdügi zerarly, awtobuslarda aňsat orun tapdyrmaýar. Bu aralykda, hususy taksileriň ýol kireýleri gymmatlygynda galýar.


“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň 1-nji awgustda täzelän gatnaw tertibine laýyklykda, Türkmenbaşydan Daşoguz şäherine hepdede iki gezek, Mary şäherine hepdede bir gezek we Türkmenabada hepdede bir gezek uçar gatnawlary amala aşyrylýardy. Türkmenbaşy – Aşgabat ugry boýunça her gün uçar gatnawlary ýola goýlupdy.




Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji awgustdan başlap, käbir uçar gatnawlarynyň ýatyrylandygyny ýa-da wagtlaýyn togtadylandygyny, şeýle-de käbir sebitlere amala aşyrylýan gatnawlaryň sanynyň kemeldilendigini habar berýär.


Göni Awazadan ýola goýlan awtobus gatnawlary hem ýatyryldy, “diňe Türkmenbaşy – Aşgabat aralygyna gatnaýan bir awtobus bar, onda-da ýer tapmak kyn” diýip, bir ýolagçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Hazaryň kenaryndaky Awaza syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi 1-nji iýun – 1-nji sentýabr aralygynda dowam edýär.


Dynç alyş möwsüminiň tamamlanmagyna bir hepde galanda, sebitleriň ýaşaýjylary transport kynçylyklarynyň ýitileşendigini aýdýarlar.


“Demir ýol gatnawlary hem ýene-de öňki tertibe geçirildi. Öňler günüň dowamynda iki ýolagçy otlusy gatnaýan bolsa, indi diňe günaşa bir otly ýola goýuldy” diýip, beýleki bir ýolagçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Şol bir wagtda, Awazadaky myhmanhanalaryň birnäçe ýolbaşçysy “Türkmenhowaýollary” we “Türkmendemirýollary” agentliklerinden goşmaça gatnawlary ýola goýmagy sorap, haýyş bilen ýüz tutupdyrlar, ýöne bu tagallalar netije bermändir.


Dynç alyş merkezlerinden sebitlere aşmaga synanyşýan adamlaryň arasynda mejbury dynç almaga ugradylan döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri hem bar. Mälim bolşy, Türkmenistanyň käbir döwlet-edara kärhanalarynda býujet işgärleri Awazada dynç almak üçin ýollanma satyn almaga mejbur edilýärler.




Üstesine, şu günler edara-kärhanalarda, şol sanda mekdeplerde we hassahanalarda Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli geçiriljek köpçülik çärelerine taýýarlyk işlerine bat berilýär. Galyberse-de, sebitlerde mejbury pagta ýygym möwsümine girişilýär. Şu ýagdaýlar bilen baglylykda, Awazada dynç almaga mejbur edilen býujet işgärleri baýramçylyga taýýarlyk çärelerine we ýygym möwsümine gatnaşmak üçin tijenmeli bolýarlar.


“Býujet işgärleriniň wagtyndan öň işe çagyrylyp başlanmagy hem transport gatnawlaryna bolan talaby ýokarlandyrdy” diýip, bir döwlet kärhanasynyň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.


Türkmenbaşydan sebitlere amala aşyrylýan howa gatnawlary we demir ýol gatnawlary çäklendirilip, awtobuslaryň selçeňleşmegi bilen, hususy taksileriň ýol bahalary gymmatlygynda galýar.


“Sebitlere göni taksi gatnawlary bar, ýöne Türkmenbaşy – Mary aralygynda gatnaýan taksiler ýolagçy başyna 1200 manat, Lebap welaýatyna 1800 manat ýol kireý soraýarlar. Bu bahalar mejbury dynç alýan býujet işgärleri üçin köp bolýar” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi aýtdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net