Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2023

'Käbiri para berip mekdep saýlaýar, käbiri okuw esbaplaryny satyn alyp bilmeýär'.

0
Täze okuw ýylynyň golaýlamagy bilen mekdep eşiklerini we okuw esbaplaryny edinmegiň ähmiýeti artýar. Bu döwürde ene-atalaryň köpüsinde öz çagalarynyň mekdebe taýýarlygyny berjaý etmek aladasy artýar.


Käbir ene-atalar üçin çagalaryny mekdebe taýýarlamak uly synaga, käwagt bolsa agyr meselä öwrülýär. Işsizlik we bahalaryň ýokarlanmagy zerarly käbir maşgalalar çagalary üçin zerur zatlary satyn alyp bilmeýärler. Käbir maşgalalarda birnäçe çaga okuwa gatnaýar.


Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, esasy okuw esbaplarynyň umumy bahasy ortaça 600 manada, portfelleriň bahasy 120-den 1000 manada, geýim ortaça 1000 manada durýar.




Umumy hasaplamalara görä, bir çagany mekdebe taýýarlamak üçin 1800 manat çemesi pul gerek bolýar, bu Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursuna görä, 514 ABŞ dollaryna barabar bolýar.


Aýratynam bu çykdajylar birnäçe çagaly maşgalalar uly kynçylyk döredýär. Köpçülik çykdajylary birnäçe aýa bölmek üçin zerur zatlary bölekleýin satyn alýarlar.


"Ene-atalar çagalaryny öz mümkinçiligine görä taýýarlaýarlar. Geýimleriň, aýakgaplaryň we okuw esbaplarynyň bahalary hiline görä tapawutlanýar. Has ýokary hilli eşikleriň bahasy birnäçe esse gymmada düşýär" - diýip, habarçy käbir harytlaryň bahasyny mysal getirýär.


Mekdep gündeliginiň bahasy 4 manatdan başlanyp, 25 manada ýetýär; portfel 120-den 1000 manada, oglanlar üçin ak köýnek 100-den 500 manada, jalbar 120-den 400 manada, tahýa 30-dan 400 manada ýetýär.


Maddy taýdan agyr ýagdaýda bolup, özlerini azyk bilen zordan üpjün edýän maşgalalar üçin çagalaryny mekdebe taýýarlamak we zerur zatlary satyn almak başartmaýar. Habarçylar şeýle maşgalalaryň barha köpelýändigini aýdýarlar.


Azatlygyň habarçysy mekdep esbaplarynynyň çykdajylarynyň hatda işleýän ene-atalara hem uly agram salýandygyny belleýär: "Käbirleri garyndaşlaryndan we dostlaryndan köne eşik soramaly bolýarlar. Şeýle-de bolsa, mekdep üçin iň pes çykdajy 1000 manada ýetýär. Çagany mekdebe taýýarlamak döwlet edara-kärhanalarynda işleýän ene-atalar üçinem agyr, daýhanlar üçin bolsa bu agirt uly pul".


Käbir maşgalalarda çagalar mekdebe taýýarlygy özbaşdak görmäge mejbur bolýarlar. Käbir çagalar dynç alyş günlerinde işleýärler, beýlekileri mekdebe zerur zatlaryny satyn almak üçin dilegçilik edýärler.


Bu aralykda, käbir maşgalalar şu günler öz çagalaryny has gowy mekdebe ýerleşdirmegiň aladasyny edýärler we munuň üçin para bermäge kaýyl bolýarlar.




Maryda 5-nji, 16-njy we 24-nji mekdepler, şeýle hem Şatlyk obasynda ýerleşýän fizika we matematika ugrundan bilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep iň meşhur hasaplanýar. Habarçynyň sözlerine görä, çagalar bu mekdeplere diňe tanyşlyk ýa-da para bermek arkaly ýerleşip bilýär: "Her okuw jaýynyň öz nyrhy bar. Mekdeplerde paranyň mukdary ortaça 500-den 1000 dollar aralygynda bolýar".


Habarçylar orta ýörite okuw jaýlaryna, şeýle hem ýokary okuw jaýlaryna kabul edilmek üçin soralýan paranyň nyrhlaryny anykladylar. Olaryň sözlerine görä, Pedagogiki uniwersitetine girmek üçin 10 000 dollar, Medisina uniwersitetinde 9 000 - 10 000 dollar, Energetika institutyna 15 000 dollar, Magtymguly adyndaky uniwersitetine fakultete görä, 10-15 müň dollar aralygynda para bermeli. Ýurduň beýleki uniwersitetlerine berilýän para hem 15 000 we 30 000 ABŞ dollary aralygynda.


Habarçylaryň sözlerine görä, zerur resminamalary, şol sanda lukmançylyk şahadatnamasyny almak hem para çykdajylaryny talap edýär.


Ýurduň häkimiýetleri bilim pudagyndaky para meselesini açyk gozgamaýarlar. Halkara hasabatlarynda bolsa, Türkmenistan korrupsiýanyň ýaýramagy boýunça dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýär. 2022-nji ýylda “Transparency International” guramasynyň korrupsiýa indeksinde Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň erbet diýlip atlandyryldy.




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net