Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2023

2022-nji ýylda Türkiýeden giden daşary ýurtlularyň 4,8%-ni türkmenistanlylar düzýär

0
2022-nji ýylda Türkiýeden göçüp giden daşary ýurtlularyň 4,8%-ni türkmenistanlylar emele getirýär diýip, DHA (Demirören habar agentligi) neşiri Türkiýäniň Statistika institutyna salgylanyp, 24-nji iýulda habar berdi.


“Geçen ýyl Türkiýeden daşary ýurda göçüp gidenleriň sany 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 62,3% artyp, 466 müň 914 adama deň boldy. Olaryň 139 müň 531-si türk raýaty, 327 müň 383-si daşary ýurt raýatydyr” diýip, habarda aýdylýar.


Türkiýeden göçüp giden daşary ýurt raýatlarynyň arasynda birinji ýeri Yragyň raýatlary eýeleýän mahaly, türkmen raýatlary bäşinji orunda ýerleşdirildi.


“Ýurtdan giden daşary ýurtlularyň 20%-ni yraklylar, 10,6%-ni eýranlylar, 7%-ni özbegistanlylar, 6%-ni owganystanlylar we 4,8%-ni türkmenistanlylar emele getirýär” diýlip, habarda bellenýär.




Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, Türkiýe türkmen raýatlarynyň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.


Ýöne geçen ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi türkmen tarapynyň Türkiýeden türkmen raýatlary üçin dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegini sorandygyny mälim etdi.


Şondan soň, türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdoganyň Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýä wizasyz syýahat düzgünini ýatyrmak barada karara gol çekdi. Geçen ýylyň 14-nji sentýabrynda güýje giren bu karardan öň, türkmen raýatlary Türkiýäniň çäginde 30 günläp wizasyz galyp bilýärdiler.


Geçen ýylyň güýzünde Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türk ýuristi täze wiza talabynyň Türkiýede öňden bäri ýaşaýan türkmenistanly migrantlaryň durmuşyny we "ýaşaýyş rugsadyny" oňaýsyz kynlaşdyrjakdygyny aýdypdy.


Munuň yz ýany, habarçylarymyz we çeşmelerimiz ýurtlaryň arasynda wiza düzgüniniň girizilmegi netijesinde deportasiýa edilen ýüzlerçe adamyň Türkmenistana dolanandygyny habar berdiler.


Şeýle-de, geçen ýyl pandemiýa zerarly ýatyrylan uçar gatnawlarynyň gaýtadan dikeldilmegi bilen, uzak wagtlap uçarlara garaşan türkmenistanlylaryň müňlerçesi hem watanyna dolandy.




Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň şu ýylyň 20-nji iýulynda täzelenen sanlaryna görä, 208 müň 943 türkmen raýaty kanuny esasda bu ýurtda ýaşaýar. Gullugyň geçen ýylyň 1-nji sentýabrdaky sanlaryna görä, 230 müňden gowrak türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýardy. Bu sanlar, soňky bir ýyldan hem az wagtyň dowamynda Türkiýede kanuny esasda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň 21 müň adama çenli azalandygyny görkezýär.


Bu aralykda, türk häkimiýetleri soňky bir aýdan gowrak wagt bäri Türkiýede bikanun ýaşaýan migrantlara garşy giň gerimli reýdleri geçirýärler.


Reýdlerde müňlerçe adam saklanyp, deportasiýa merkezlerine ýerleşdirildi we olaryň ýüzlerçesi deport edildi. Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, saklananlaryň we deport edilenleriň arasynda Türkmenistanyň raýatlary hem bar.


Türkmen hökümeti we metbugat serişdeleri daşary ýurtlarda kanuny ýa bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada maglumat bermeýärler.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net