Amerikan geňeşlikleri türkmen studentlerini Prep4Success maksatnamasyna çagyrýar
“Prep4Success” programmasy studentleri ABŞ kollejleriniň köpüsinde talap edilýän synaglara, TOEFL we SAT ýaly standartlaşdyrylan synaglara taýýarlamagy maksat edinýär. Şeýle-de, gatnaşyjylar akademiki iňlis dilini güýçlendirmek, amerikan ÝOJ-laryna ýüz tutanlarynda zerur bolan bilimleri almak mümkinçiligine eýe bolarlar.
Bu maksatnama häzirki wagtda ýokary bilimi bolmadyk we orta ýa-da ýokary derejede iňlis dilinde gürleýän, türkmen mekdeplerini tamamlan adamlar gatnaşyp bilýär.
Gatnaşmak isleýänleriň, tabşyryklary kabul etmek we tabşyrmak üçin kompýuter, planşet ýa-da smartfon arkaly hemişe internet elýeterliligi bolmaly.
Bu programma gatnaşmak baradaky maglumatlary dolulygyna ilçihananyň wep sahypasyndan tapyp bilersiňiz.
