Gyrgyz oppozisiýa partiýasynyň agzalary "agdarylyşyk" synanyşygynda aýyplanýar
Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti "Butun (Birleşen) Gyrgyzystan” partiýasynyň agzalary ýurtda döwlet agdarylyşygyny amala aşyrmak maksady bilen, gizlinlikde köpçüliklýin bidüzgünçilikleri we uly gozgalaňlary guramaga taýýarlandylar” diýdi.
“Butun Gyrgyzystan” partiýasynyň lideri Adahan Madumarow egindeşleriniň tussag edilmegini "syýasy yzarlama" diýip atlandyrdy we häzirki administrasiýanyň “işjeň we öz pikir-garaýyşlary bolan gyrgyz raýatlarynyň ählisini gorkuzýandygyny” öňe sürdi.
Mudumarow häzirki wagtda 2009-njy ýylda gyrgyz-täjik serhet şertnamasyna gol çekilende oýnan roly sebäpli derňelýär.
