Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Mary prezidentiň saparyna taýýarlanýar, 'ýaş we owadan' zenanlar çärelere çekilýär

0
Mary welaýatynyň merkezi şäherinde güýçli depginde ýowar geçirilýär. Şeýle-de, sebitiň edara-kärhanalarynda işleýän “ýaş we owadan” zenan işgärler köpçülikleýin taýýarlyk çärelerine gatnaşdyrylýar.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy iýunda sebitden beren maglumatynda ýowaryň we taýýarlyklaryň prezident Serdar Berdimuhamedowyň sebite etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.


“Şäheriň ähli ýerlerinde arassaçylyk we abadançylyk işleri geçirilýär. Köçeler ýuwulýar, haşal otlar arassalanýar” diýip, maryly ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.


Mary howa menzilinden şäheriň merkezi köçelerine çenli aralykdaky ýollaryň ugrunda arassaçylyk çäreleri has güýçli depginde alnyp barylýar. Ýol ugrundaky yşyklandyryş çyralary çalşylýar.




“Şäherdäki edara-kärhanalarda-da, býujet işgärleriniň gatnaşmagynda, günde diýen ýaly ýowar geçirilýär” diýip, maryly býujet işgäri habarçymyza gürrüň berdi.


Mundan başga-da, býujet işgärleriniň arasyndan esasan 30 ýaşyna ýetmedik, “ýaş we owadan” gelin-gyzlar saýlanyp alynýar. Olar ýurduň döwlet telewideniýesi üçin taýýarlanyljak reportažlar üçin gurnalýan köpçülikleýin çärelere gatnaşdyrylýar.


Bu çäreleriň sebäpleri barada resmi düşündiriş berilmeýär. Ýöne býujet işgärleriniň sözlerine görä, geçen hepdäniň ahyrynda edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary bu çäreleriň döwlet baştutanynyň sebite etmegine garaşylýan sapary ilteşiklidigini aýtdylar.


“Prezidentiň haçan geljekdigi anyk belli däl, ýöne onuň 20-21-nji iýunda Mara sapar etmeginiň mümkindigi aýdylýar. Prezident gelip gidýänçä, Jemagat hojalygy müdirligine degişli edaralaryň işgärlerine daňdan sagat 5-den agşam sagat 8-e çenli köçeleri arassalamaly edildi” diýip, Jemagat hojalygy müdirliginiň bir işgäri aýtdy.


Azatlyk bu ýagdaýlar barada Mary welaýat häkimliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi. Ýöne Türkmenistanda, adatça, döwlet baştutanlarynyň sebitlere amala aşyrýan saparlarynyň öňüsyrasynda we dowamynda şeýle işler ýaýbaňlandyrylýar.


Galyberse-de, şu günler prezident ýurduň sebitlerine aýlanyp, galla oragynyň depgini bilen tanyşýar. 13-nji iýunda döwlet baştutany Balkan welaýatyna sapar edip, Gyzylarbat etrabynyň, görnüşinden, ýörite saýlanyp alnan bol hasylly bugdaý meýdanlaryna aýlandy.




16-njy iýunda Daşoguz we Lebap welaýatlaryndaky habarçylarymyz sebit häkimiýetleriniň-de prezidentiň saparyna taýýarlanýandygyny aýtdylar.


Bu aralykda, Marydaky habarçymyz sebit häkimiýetleriniň prezidentiň aýlanjak bugdaý meýdanlaryna barýan ýollarda abatlaýyş işlerini geçirendigini habar berýär. Munuň bilen bir wagtda, resmiler bu meýdanlaryň golaýynda ekilen gök-bakja ekinlerini ýok edýärler.


“Kädi, mallar üçin ekilen mekgejöwen, ýorunja, noýba ýaly ekin meýdanlaryň üstünden traktor bilen geçip agdarýarlar we ekinleri düýbünden ýok edýärler. Bar eden azabymyzy isribe çykarýarlar. Prezident gelýär diýip, kärende ýerlerimizde yssydan goranmak üçin gurnalan çatmalarymyza çenli ýykdylar” diýip, maryly daýhan habarçymyza gürrüň berdi.


Maryly kärendeçileriň ençemesi bu ýagdaýyň birinji gezek ýüze çykmaýandygyny aýdyp, her ýyl prezident Mara sapar edende, daýhanlaryň käbir gök-bakja ekinleriniň ýok edilýändigini belleýär.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net