Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Aşgabatda käbir azyk önümleri arzanlaýar, käşir tapdyrmaýar

0
Türkmenistanda täze bakja önümleriniň ýetişip başlamagy bilen, sebitleriň, şol sanda paýtagtyň bazarlarynda degişlilikde gymmat hasaplanýan azyklaryň, gök-miweleriň bahalary hem az-owlak arzanlaýar.


Muňa garamazdan, soňky hepdeden bäri paýtagtda käşir asla tapdyrmaýar. Palawyň düzümindäki esasy azygyň ýitmegi Gurban baýramynyň ýetip gelmegi, şeýle-de täze Arkadag şäherini açmak çäresine görülýän taýýarlyklar, munuň bilen bagly berilýän sadakalar bilen baglanyşdyrylýar.


Paýtagtyň bazarlarynda ozal 30 manatdan bahalanan ösümlik ýagynyň 1 litri geçen aý 24 manada düşen bolsa, häzir ol 21 manatdan satylýar. Soganyň 1 kilogramy mundan iki aý ozalam 12 manatdan bahalanan bolsa, häzir ol ozalky nyrhyndan tas ýarpy esse bahadan satylýar.


Habarçymyz käbir beýleki azyklaryň hem bu günki bahalaryny öwrenip, olaryň hem käbiriniň belli bir dereje arzanlandygyny synlady. Paýtagtyň bazarlarynda:



Hyýaryň 1 kg – 5 manatdan,
Pomidoryň 1 kg – 4,80 manatdan,
Kartoşkanyň 1 kg – 4,50 manatdan,
Garpyzyň 1 kg – 1,60 manatdan satylýar.


Muňa garamazdan, sebitlerlerde, paýtagtda çörek gytçylygy henizem aradan aýrylmaýar.




Aşgabadyň döwlet dükanlarynda adam başynda üçden artyk berilmeýän çöregi satyn almak üçin, raýatlar daňdan sagat 4-de eýýäm nobat tutup başlaýarlar.


“Döwlet dükanlary çöregi ir sagat 5:30-de goýberip başlaýarlar. Bu nobatlary gizlemek maksady bilen edilýär. Aşgabada çörek almak üçin golaý-goltumdaky sebitleriň, şol sanda Herrikgalanyň, Ýasmansalygyň, Gökdepäniň dagy ýaşaýjylary hem gelýärler. Elbetde çäkli goýberilýän çörek nobatda duranlaryň ählisine ýetmän gutarýar” diýip, bu ýagdaýlary tas her gün başdan geçirýän ýerli ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.


Bazarlarda tomus aýlary ýetişýän käbir bakja önümleriniň bahalary arzanlasa-da, geçen hepdeden bäri paýtagtyň söwda nokatlarynda käşir tapdyrmaýar.


“Türkmenlerde her penşenbe güni agşam, yrym edip palaw bişirilýär we öten-geçenlere doga-dileg edilýär. Emma geçen hepde Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda, hususy söwdagärlerinde hem käşir tapdyrmady. Käşir ýek-tük söwdagäriň öňünde bolsa-da, onuň hili gaty ýaramazdy, iýmite ýarawsyzdy. Biz soňra käşiri söwda merkezinden gaýybana sargamagy karar etdik. Ýöne bazarlarda käşiriň 1 kg 8-10 manat aralygynda bahalanan bolsa, sargap getirden 2 kilogram käşirimiziň nyrhy 40 manatdan hem aşdy” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi belledi.


Käşiriň paýtagtyň söwda tekjelerinden birdenkä ýitirim bolmagynyň sebäpleri barada anyk maglumat ýok. Ýöne habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan gümrük işgäri, Eýrandan getirilen käşiriň ammarlarda köpdügini, emma olaryň satuwa çykarylman saklanýandygyny gürrüň berdi.


Ol munuň sebäbiniň özüne hem mälim däldigini belledi. Azatlyk bu aýdylanlar barada Gümrük gullugyndan, galyberse-de Aşgabadyň söwda merkezlerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.




Habarçymyzyň söhbetdeşleriniň käbiri käşiriň satuwa çykarylmazlygynyň sebäbini 29-njy iýunda belleniljek Gurban baýramy, şeýle-de şol gün Ahalda açylmaly täze “Arkadag” şäheriniň dabaralarynda, munuň bilen bagly beriljek sadakalarda ulanar ýaly, ýörite saklanýandygyny belledi.


Türkmenistanda azyk krizisi, şol sanda un we çörek gytçylygy 2017-nji ýylyň aýagyndan bäri saklanýar.


Türkmen hökümeti ilatyň azyk howpsuzlygyny üpjün edýändigini aýdyp, azyk krizisini boýun almaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net