Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Haj zyýaratçylarynyň ilkinji topary Saud Arabystanyna ugradyldy

0
Bu ýyl türkmenistanly haj zyýaratçylaryny Saud Arabystanyna ugratmak üçin ýygnanyşyk nokady hökmünde paýtagtyň Hezreti Omar metjidi saýlanyp alyndy.


Zyýaratçylaryň ilkinji topary 14-nji iýunda Aşgabatdan mukaddes Mekge we Medine şäherlerine tarap ýola düşdi.


Ozalky ýyllarda zyýaratçylaryň paýtagtyň halkara howa menzilinden ugradylmagyna rugsat berilýärdi. Ýöne bu ýyl ýygnanyşyk nokadynyň ýeri üýtgedildi.


“Bu ýyl haj zyýaratçylaryny aeroportdan ugratmaga rugsat berilmedi. Olar bilen metjitde hoşlaşdylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýtdy.


Bu ýagdaý geçen ýyl haj parzyny berjaý etmäge giden adamlar bilen aeroportda hoşlaşylmagynda dyknyşygyň we başagaýlygyň ýüze çykmagy bilen ilteşdirilýär.


“Şonda başagaýlyk migrasiýa işgärlerine päsgelçilik döretdi. Şonuň üçin, zyýaratçylar bu gezek metjitden aeroporta ugradyldy” diýip, çeşmämiz aýtdy.


Hezreti Omar metjidinde zyýaratçylara “ihram” lybaslary paýlanyp berlipdir.




Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti 7-nji iýunda 2023-nji ýylyň haj möwsüminde 2312 sany türkmenistanlyny haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanyna ibermegiň meýilleşdirýändigini yglan etdi.


Biraz soň, 11-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti 22-nji iýun – 15-nji iýul aralygynda 289 zyýaratçyny Saud Arabystanyna ibermek barada buýruga gol çekdi. Şeýle-de, “Türkmenhowaýollary” agentligine öz çykdajylarynyň hasabyna zyýaratçylary Saud Arabystanyna eltmek we yzyna getirmek üçin ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.


Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri döwlet serişdeleriniň hasabyna mukaddes topraklara iberilýän adamlaryň tölegsiz biletlerden daşary 20 müň manat töweregi çykdajy etmeli bolýandygyny, öz hasabyna Saud Arabystanyna gidýän adamlaryň 30 müň manat töwereginde pul çykarmaly bolýandyklaryny aýdýarlar. Türkmenistanda haj zyýaratçylarynyň saýlanyp alynmagy we olaryň mukaddes saparlarynyň guramaçylygy bilen bagly dowam edýän korrupsiýa aladalary haj möwsümine kölege salýar.


Geçen ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti 2312 adamyň haj parzyna iberilýändigini yglan etdi.


Ýöne hajylyga dalaşgärlerden diňe 289 adamyň ýol çykdajylary “Türkmenhowaýollary” agentliginiň üstüne ýüklendi.


Ýerli synçylar Türkmenistanda soňky ýyllarda dowam edýän durmuş-ykdysady problemalaryň arasynda dine we dindarlyga ýykgyn edýän adamlaryň köpelýändigini, şeýle meýiller bilen baglylykda, haj zyýaratyna isleg bildirýän adamlaryň sanynyň hem artýandygyny aýdýarlar.


Saud Arabystanynyň Haj we umra ministrligi dünýäniň her bir ýurdunyň ilat sanyna laýyklykda haj kwotasyny bölüp berýär. 2020-2021-nji ýyllarda koronawirus pandemiýasy sebäpli haj parzyny berjaý edýän zyýaratçylaryň sany berk çäklendirildi.




Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu ýyl türkmenistanly haj dalaşgärlerinden Saud Arabystanyna gitmezden ozal, öz smartfonlaryna we beýleki akylly enjamlaryna Türkmenistanyň Müftüliginiň müdiriýetiniň taýýarlan ykjam goşundysyny indirmegiň talap edilýändigini habar berýärler. Maglumata görä, bu goşundy türkmen hökümetine öz raýatlaryny mukaddes Mekge we Medine şäherlerinde yzarlamaga ýardam berer.


Şeýle-de, bu ýyl 64 ýaşdan ýokary adamlar mukaddes topraklarda bolup biljek “ölüm hadysalarynyň öňüni almak üçin” haj zyýaratyna alynmandyr.


Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary türkmenistanly haj zyýaratçylaryndan Berdimuhamedowlara jan-saglyk dilemegiň talap edilýändigini habar berdiler.


Yslam ynanjynda adam ömrüniň dowamynda bir gezek berjaý edilmegi parz hasaplanýan haj zyýaraty musulmanlaryň aý senenamasynyň 12-nji aýynyň, ýagny zülhijje aýynyň ilkinji on günlüginde amala aşyrylýar. Bu ýyl haj möwsümi 26-njy iýun – 1-nji iýul aralygyna gabat gelýär. Haj möwsüminiň üçünji gününde musulmanlar Gurban baýramyny belleýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net