Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Май
2023

Balkan: her bir mekdebe birnäçe çagany dynç alyş merkezine ugratmak tabşyryldy 

0
Tomus kanikul möwsüminiň golaýlamagy bilen çagalaryň dynç alyş meselesine üns artýar. Balkan welaýatynda häkimiýetler mekdep okuwçylarynyň dynç alyşyny guramalaşdyrmak meselesini mekdeplere tabşyrdylar. Hususan-da, her bir mekdepden birnäçe çagany döwletiň garamagyndaky dynç alyş zolaklaryna ugratmak tabşyryldy, mekdepler bolsa muny ene- atalardan talap etdi.


Balkan welaýatynyň bilim bölüminiň tabşyrygy boýunça ýerli mekdepleriň her biri 1-nji iýundan başlap dynç alyş zolaklaryna 5-10 çagadan ugratmaga borçly edildi. Bu barada maglumat beren habarçymyzyň sözlerine görä, Türkmenbaşynyň №1 ,2, 3, 5, 8, 26, 10 belgili orta mekdeplerinde 29-njy iýunda ene atalar bilen ýygnak geçirilipdir we olardan çagalaryny dynç alyşa ugratmak talap edilipdir.


"Ýygnaklarda diňe bir mesele gozgaldy, ol hem kimde çagasyny Gökderä, Lebapdaky we Awazadaky dynç alyş merkezlerine ugratmaga mümkinçilik bar diýen sowal. Başda ene-atalaryň arasynda [dynç alyşyň] bahasy geçen ýylkysy ýaly 500-600 manatdyr öýdüp, razy bolanlar boldy. Soňundan şu ýylky bahanyň bir okuwçy üçin 2 müň manada ýetendigini eşiden ene-atalar boýun gaçyrdylar" diýip, habarçymyz ýygnaga gatnaşan ene-atalary sitirleýär.




Çagalary tomusky dynç alyş ýerlerine ugratmak diňe bir ýollanma çykdajysy bilen çäklenmeýär. Mundan başga çagalar üçin egin-eşik, sport lybaslary, ýörite köwüş ýaly dürli zerur zatlary satyn almaly.


Azatlygyň habarçysy mekdep müdirleriniň ene-atalaryň hasabyna ugradyljak çagalar az bolup, mekdepden talap edilýän sandan kem bolan ýagdaýynda ähli ene-atalardan 50 manatdan tabşyrmagy soraýandygyny aýdýar.


"Türkmenbaşyda 1-nji tapgyrda çagalaryny dynç almaga ugradyp biljek tapylmady. Mekdep direktorlary: 'Hiç bolmanda 50 manatdan pul ýygnap beriň, biz tomusda 1-nji sentýabra çenli mekdep adyndan mugallymlaryň hasabyna dynç alyş merkezlerine okuwçylary ugratmaly. Bizden tomusda mugallymlary hem mejbury kurortlara ugratmak üçin ýollanma satyn almak talap edilýär' diýip soradylar" diýip, mekdepleriň birinde ýygnaga gatnaşan ýaşaýjy gürrüň berdi.


Habarçymyz bilen gürleşen ene-atalar mugallymlaryň hem maddy ýagdaýlarynyň ilden gowy däldigine düşünip, 50 manatdan pul berendigini ýa-da getirip bermegi wada berendigini gürrüň berdiler. Türkmenistanda dynç alyş merkezlerine gitmek üçin ýollanmalary mejbury satyn aldyrmak tejribesi býujet işgärleri babatynda hem ulanylýar. Döwlet edara kärhanalary ýylyň dowamynda birnäçe gezek Awaza dynç alyş zolagyna gitmek üçin ýollanma satyn almaga mejbur edilýärler. Köplenç bu ýylyň iş sowuk we dynç alyş üçin amatsyz möwsümlerine gabat gelýär.


Bu aralykda tomus pasly welaýatlarda çagalaryň dynç almak we gezelenç etmek üçin mümkinçilikler örän çäkli. Lebapdaky habarçymyz gündogar regionda dynç alyş üçin köp bolmadyk seýilgählerde oýnawaçlaryň günüň dowamynda 3 sagat işleýändigini gürrüň berdi.


Türkmen hökümeti körpeleriň bagtly çagalygy üçin döwlet derejesinde ähli şertleriň döredilýändigini öňe sürýär. Döwlet telewideniýesi kanikul döwründe ýurtda gurlan dynç alyş zolaklary yzygiderli görkezýär.




Resmi maglumatlarda ýurtdaky ykdysady krizis we adamlaryň agyr durmuş şertleri agzalmaýar. Işsizlik, aýlyklaryň we kömek pullaryň döwlet tarapyndan wagtynda tölenmezligi, azyk ýetmezçiligi, parahorluk ilat köpçüliginiň garyplygyna getirdi. Köp maşgalalar üçin çagalary naharlamak, geýim we okuw esbaplary bilen üpjün etmek uly alada bolýar. Çagalar okuwa zerur zatlaryny edinmek üçin işleýär, käbirleri dilegçilik edýär.


Tomusky kanikul döwründe köp çaga işleýär. Bazarlarda ýük daşaýan, haryt satýan, köçelerde awtoulag ýuwýan we oba ýerlerde mal bakýan hem-de ekin meýdanlarynda işleýän çagalar dynç alyş döwründe has köp göze ilýär.


Türkmenistan ýyllarboýy 1-nji iýunda halkara Çagalar gününi belläp gelýär. Bu senä gabatlap geçirilýän surnukdyryjy resmi dabaralara çagalar mejbury çekilýär. Ozalky ýyllarda şeýle dabaralara gatnaşdyrylan çagalar birnäçe sagatlap suwsuz yssyda durmaly bolupdy.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net