Saudly synçylar Eýranyň berk gözegçilikde boljakdygyny aýdýarlar
Hytaýyň araçylyk etmeginde 10-njy martda gazanylan üstünlik Saud-Eýran gepleşikleriniň birnäçe tapgyryndan soň, dartgynlyklaryň dowam etmegi bilen, olaryň ABŞ Aýlagdan kem-kem çekilýär diýip lapykeç bolmagynyň arasynda mümkin boldy.
Dartgynlylygyň esasy çeşmesi Ýemen bolup, Riýad 2015-nji ýyldan bäri Eýran bilen ýaranlykdaky Huti hereketine garşy söweşýän koalisiýa ýolbaşçylyk edýär. Riýad bu toparyň patyşalyga raketa we pilotsyz uçar hüjümini amala aşyrandygyny aýdýar.
