Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2023

Hünärmenleriň duýduryşlaryndan soň, Berdimuhamedow binalaryň gurluşyk işlerine ünsi çekdi

0
Türkiýede we Siriýada bolan heläkçilikli ýer titremeleriniň yzy bilen türkmen hünärmenleriniň ýurtdaky gurulýan jaýlaryň hili bilen bagly eden duýduryşlaryndan soň, prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtdaky gurluşyk işleriniň 'ýokary hilli' bolmagyny tabşyrdy.


20-nji fewralda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Berdimuhamedow görnüşinden ýurtda gurulýan binalaryň berkligi barada hem gürrüň etdi. Resmi medianyň anyklaşdyrmazdan ýazmagyna görä, prezident gurulýan binalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagy barada “degişli tabşyryklary” beripdir.


Bu tabşyryk Türkiýede we Siriýada bolan güýçli ýer titremelerinde on müňlerçe adamyň heläk bolmagy bilen, gurluşyk işlerindäki harsallygyň we jogapkärçiliksizligiň, şol sanda giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýanyň habar serişdeleriniň tas esasy temasyna öwrülen wagtyna gabat geldi.


Bu diňe bir Türkiýede däl, eýse Türkmenistanyň Merkezi Aziýa boýunça goňşy döwletlerinde hem eýýäm iki hepde töweregi wagt bäri häkimiýetleriň gün tertibiniň esasy meseleleriniň birine öwrüldi.




Emma 9 baldan ýokary seýsmiki aktiw ýerde ýerleşýän Türkmenistanda bu mesele soňky günlere çenli resmi derejede gozgalmandy.


Türkiýedäki 6-njy fewraldaky ýer sarsgynlaryndan soň, birnäçe türkmen gurluşyk hünärmenleri Azatlyk bilen habarlaşyp, Aşgabatda we sebitlerde gurulýan binalaryň köplenç gyssanmaç, hil talaplaryny ýeterlik berjaý etmezden galdyrylýandygyny, olaryň bäş ballyk ýer sarsgynyna hem çydaman, ýer-ýegsan boljakdygyny duýdurdylar.


Azatlykda bu barada çykan maglumatlaryň yzy bilen, Berdimuhamedowlaryň ulusy, ýagny Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Ahalyň täze dolandyryş merkezi Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerini seljerdi.




Bellemeli ýeri, Azatlyga maglumat beren türkmen arhitektorlarynyň biri hut bu şäher barada gürrüň edip, onda galdyrylýan binalaryň oýlanşyksyz planlaşdyrylandygyny, ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hem hiliniň pesdigini belläpdi.


18-nji fewralda sebite sapar eden öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň “ýokary derejede” alnyp barylmalydygyny tabşyrdy we bu meseläniň degişli resmileriň berk gözegçiliginde bolmalydygyny aýtdy.


Türkmenistan, türk gurluşyk kompaniýalarynyň milliardlarça dollara durýan gurluşyk şertnamalaryny almagy bilen, soňky onýyllyklarda uly gurluşyk meýdanyna öwrüldi.


Şol bir wagtda, türkmen gurluşyk hünärmenleri ýurtda bina edilýän desgalaryň ygtybarlylyk meselesini has öňden bäri gozgap gelýärler we olaryň seýsmiki şertleriň hasaba alynmazdan gurulýandygyny aýdýarlar.


Belleýşimiz ýaly, Türkmenistan ýokary seýsmiki aktiw ýerde ýerleşýär. 1948-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda ýurduň taryhyndaky iň weýrançylykly ýer titreme boldy. Tutuş şäher tas ýer ýüzünden süpürildi, 100 müňden gowrak adam wepat boldy.




Ýerli hünärmenleriň biriniň beren maglumatyna görä, Aşgabat ýaly ýer titremäniň bolaýmagy mümkin sebitlerinde, kabul edilen kadalaşdyryjy-hukuk nusgalaryna laýyklykda, beýik binalary gurmak gadagan edildi.


Emma soňky döwürde Aşgabatda, onuň töwereginde we hatda dagyň eteginde ylmy nukdaý nazardan seýsmiki taýdan howply diýip kesgitlenen ýerlerde-de beýik binalar gurulýar. Ýerli ýaşaýjylar gurulan jaýlaryň çat açyp, çökýän halatlarynyň bolýandygyny aýdýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net