Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2023

Maryda ýaşaýjylaryň gaz, suw turbalary barlanyp, olara gaz peçlerini ulanmagyň gadagandygy duýdurylýar

0
Türkmenistana sowuk howanyň aralaşan mahaly, Mary welaýatynyň häkimiýetleri ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilşine gözegçiligi güýçlendirdiler. Mundan başga-da, “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen raýatlara howanyň aşa sowajakdygy barada duýduryş SMS-leri ugradylýar.


Ýurduň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy gullugy tarapyndan ilberilen SMS-lerde öňümizdäki günlerde howanyň temperaturasynyň -16 gradusa çenli ýetjekdigi duýdurylýar.


Bu aralykda, Mary, Baýramaly we Ýolöten şäherlerinde Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp, olaryň gaz turbalaryny barlaýarlar.


"Gullugyň işgärleri ýaşaýjylardan gaz peçleri ulanmagyň gadagandygy baradaky duýduryş hatyna gol çekmegi talap edip, hatyň bir nusgasyny goýup gidýärler" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji ýanwarda gürrüň berdi.




Ýerli ilat köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndaky merkezi ýyladyş ulgamynyň kadaly işlemeýändigini belläp, öýleri ýylytmak üçin gaz we elektrik peçlerinden peýdalanmaga mejbur bolýandygyny aýdýar.


"Şu günler köp adam tok peçlerini ulanýar. Bu bolsa, elektrik simleriniň gyzyp, jaýlardaky razetkalaryň eremegine getirýär. Käte uçgun çykyp, ot çykýar. Köplenç bir girelgedäki jaýlaryň ählisiniň togy öçýär. Elektrik edarasynyň ilatyň tok üpjünçiligini iki-üç gün soň dikeldýän ýagdaýlary hem bolýar" diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


Mundan başga-da, Ýaşaýyş jaý müdirliginiň işgärleri köp gatly jaýlaryň ýerzeminlerine aýlanyp, merkezleşdirilen ýyladyş ulgamy üçin niýetlenen suw turbalaryny barlaýarlar.


"Haýsydyr bir turbadan suw syzýan bolsa, onda ol turba rezin dolap daňyp goýýarlar. Müdirligiň işgärleri 'Indiki ýyla çenli mydar edip dursa bolýar. Turbalary çalyşmak üçin elimizde hiç bir zat ýok, hatda köne turba-da galmady. Bu ýeri paýtagt Aşgabat däl' diýýärler" diýip, ýaşaýjy belledi.


Işgärler ýaşaýjylara sowuk howanyň täsirlerine garşy özbaşdak göreşmegi maslahat berýärler. Olar suw we gaz turbalarynyň ýeriň üstünden geçýän bölekleri paket ýa-da keçe bilen örtülse, kem bolmajakdygyny hem aýdýarlar.


"Hökümetimiziň bu zatlara seretmäne, serişde goýbermäge güýji ýok. Bulary özleriňiz etseňiz gowy bolardy" diýip, ýaşaýjy müdirligiň işgäriniň sözlerini sitirledi.


Mundan başga-da, uly ýollardaky köprüleriň gyralarynda halta gaplanan sary çäge goýulýar. Sebit resmileri bulary doňan ýollara sepmegi göz öňünde tutýarlar.




"Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärlerine-de şu hepde howanyň aşa sowuk boljakdygy duýduryldy. Şeýle-de, işgärlere galyň geýinmek maslahat berildi. Olara islendik ýagdaýa taýyn bolmalydyklary duýdurylyp, işe gelenlerinde öz ýanlary bilen pil, bedre ýaly gurallary getirmelidigi hem aýdyldy" diýip, müdirligiň bir işgäri anonimlik şertinde aýtdy.


Azatlyk bu aýdylanlar barada sebitiň Ýangyn howpsuzlygy gullugyndan we Jemagat hojalygy müdirliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi.


Şu hepdäniň başynda Türkmenistanyň çäklerine aşa sowuk howa aralaşdy. “Meteožurnal” neşiri 5-nji ýanwarda beren habarynda ýurtda şu hepdäniň başyndan anomal sowuk howanyň bolmagyna, howanyň derejesiniň käbir ýerlerde adaty klimat kadalaryndan 10-16 gradus aşak gaçmagyna garaşylýandygy aýdyldy.


Türkmen metbugaty adatça adamlaryň durmuşyna täsir ýetirjek güýçli howa üýtgemeleri barada öňünden anyk maglumat bermeýär. Emma bu gezekki aşa sowuk howa, şol sanda ýurtda ýagjak agyr gar “Watan” habarlar programmasynda hem agzaldy. Onda şu hepde Maryda howanyň temperaturasynyň gijelerine -12 we -17, gündizlerine -6 we -11 gradusa çenli ýetjekdigi aýdyldy.


Türkmenistanda güýz-gyş pasyllarynda, hususan-da aşa sowuk howada ýaşaýjylaryň ýyladyş ulgamlarynda bökdençlikler ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýlar soňky gezek geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda bolupdy.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net