Peruly protestçiler polisiýa ofiserini ýakyp öldürdi
Bu ölüm öňki prezident Pedro Kastillonyň häkimiýetden agdarylmagy bilen turan gozgalaňlaryň dowamynda ölenleriň sanyny 47 adama ýetirdi.
Peruyň Ombudsmeniniň edarasy dekabr aýynyň başynda başlanan demonstrasiýalaryň dowamynda polisiýa bilen bolan çaknyşyklar netijesinde 39 parahat ýaşaýjynyň, ýol hadysalarynda bolsa 7 adamyň, şeýle-de diriligine otlanan polisiýa işgäriniň ölendigini habar berdi.
