Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2023

Mary: Iri şahly mallarda näbelli kesel ýüze çykarylýar

0
Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň “Garagum kanaly” daýhan birleşiginde iri şahly mallarda peýda bolan näbelli kesel ýerli ýaşaýjylary alada goýýar. Bu ýagdaýyň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.


Täze ýyl baýramçylygyna niýetläp, mal öldüren ýerli ýaşaýjylar sygyr etinde gurçuga meňzeş ownuk jandar tapandyklaryny aýdýarlar.


“Sygyr etinde näbelli gurçuklar peýda bolup başlady” diýip, bir ýerli daýhan Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.


Bu aralykda, beýleki welaýatlara et daşaýan sebit gassaplary ýerli ýaşaýjylaryň hödürleýän mal etini arzan satyn almaga çalyşýar.


“Gassaplar iri şahly mallaryň arasynda ýüze çykan keselçilige salgylanyp, meselem, 6 müň manat bahasy bolan mallary 3-4 müň manada satyn almaga çalyşýar. Eger mal hor bolsa, ondan hem aşak soraýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.




Ýerli weterinarlar mallarda ýüze çykan näbelli keseli takyk anyklap bilmeýärler, ýöne şeýle keselçiligiň, esasan, öri meýdanlarda otladylýan mallarda däl-de, daýhan birleşikleriň etegindäki ekerançylyk meýdanlarynda bakylýan mallarda ýüze çykarylýandygyny aýdýarlar.


“Etrabyň weterinar lukmanlary ozal özleriniň şeýle kesele duş gelmändiklerini we onuň bejergi usullaryny bilmeýändiklerini aýdýarlar” diýip, daýhan birleşigiň bir ýaşaýjysy aýdýar.


Bu aralykda, weterinarlaryň arasynda iri şahly mallarda ýüze çykan keselçiligi mallaryň gowaça çöpi bilen iýmitlenmegi bilen ilteşdirmäge çalyşýan lukmanlar bar.


Azatlyk Radiosy Mary welaýatynda mallarda ýüze çykan näbelli keselçilik barada welaýat häkimliginden kommentariýa alyp bilmedi.


Türkmenistanyň dürli sebitlerinde iri we ownuk şahly mallarda häli şindi dürli görnüşli keselçilik ýüze çykýar. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi öý haýwanlarynda ýüze çykýan keselçilik baradaky habarlary ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär.




Döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurduň çäginde anyklanýan islendik keselçilik hadysalary barada habar bermeýär.


Geçen ýylyň fewralynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Mary welaýatynyň öri meýdanlarynda iri we ownuk şahly mallaryň köpçülikleýin gyrylýandygyny habar berdi.


Ýerli çopanlar şonda bu ýagdaýy mallar üçin ot-iým ýetmezçiligi bilen ilteşdirdiler. Galyberse-de, tomsuň yssy günlerinde hem sebitde köpçülikleýin mal ölümleri hasaba alyndy.


Ýöne diňe keselçilik däl, eýsem, başga käbir faktorlar hem sebitde mallaryň jan saglygyna howp abandyrýar. Noýabryň ortalarynda Azatlygyň habarçylary çöl ýerlerinde mal sürüjilerine möjekleriň hüjüm edip başlandygyny habar berdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net