Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2023

Türkmenistanyň prezidenti Hytaýa sapar eder

0
Türkmensisatanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 5-6-njy ýanwar aralygynda Hytaýa sapar etmegine garaşylýar diýip, “Roýters” habar gullugy Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki mediasynyň ikinji gün beren maglumatyna salgylanyp habar berýär. Türkmenistanyň metbugaty prezidentiň Hytaýa etjek ilkinji sapary barada häzire çenli hiç bir maglumat bermedi.


Türkmenistan Hytaýa gaz eksport etmek boýunça birinji orunda durýar diýip, hökümetçi neşirler geçen ýyl Hytaýyň Esasy gümrük gullugyna salgylanyp habar berdiler.


Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ozalky esasy gaz hyzmatdaşy Russiýa, biraz soňky gaz hyzmatdaşy Eýran bilen arada dörän töleg, nyrh oňuşmazlyklarynyň arasynda, Hytaý bilen aradaky gaz söwdasyny kadaly ýagdaýda saklamagy we ösdürmegi başardy, ýöne bu ýurda satýan gazynyň nyrhy, şonuň bilen bir wagtda Hytaýdan alan karz serişdeleri bilen bagly maglumatlary doly we açyk çap etmekden saklandy.




Geçen ýylyň 11 aýynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan bilen Hytaýyň 2022-nji ýyldaky özara söwda dolanyşygy 10 milliard 123 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Hökümetçi “SalamNews” neşiri bu maglumaty Hytaýyň baş gümrük müdirligine salgylanyp çap etdi.


Iki ýurduň diňe noýabr aýyndaky özara söwdasy 1 milliard 148 million dollara deň bolupdyr.


Geçen 11 aýda Hytaý Türkmenistana 787 million dollarlyk eksport edipdir. Bu ugurda diňe noýabr aýyndaky görkeziji 96 million amerikan dollaryndan geçýär diýip, habarda aýdylýar.


Bu döwürde Türkmenistanyň Hytaýa eden eksportynyň möçberi 9 milliard 336 million dollara barabar bolup, Aşgabadyň bu ýurda diňe noýabr aýynda eden eksportynyň möçberi pul hasabynda 1 milliard 52 million dollardan gowrak.


Türkmenistanyň Hytaýa edýän eksportynyň esasy bölegini geçiriji arkaly iberilýän tebigy gaz tutýar. Türkmenistan bu döwürde Hytaýa umumy bahasy 9,28 milliard dollarlyk tebigy gaz iberipdir.


Habarda Hytaýa esasan çig mal satýan Türkmenistanyň bu ýurtdan import edýän harytlary anyklaşdyrylmaýar.




Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň aprelinde Hytaýyň Aşgabada sapara gelen döwlet geňeşçisi we goranmak ministri Weý Fenhe bilen duşuşanda, Türkmenistanyň Hytaý bilen gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini, iki ýurduň syýasat, diplomatiýa, söwda, medeniýet, ynsanperwerlik we ynsan gatnaşyklary ugurlarynda ýokary derejeli we strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýandyklaryny aýtdy.


Hytaý Türkmenistanyň iň uly söwda hyzmatdaşlarynyň biri, Hytaýda 1400-den gowrak türkmen studenti okaýar, türkmen uniwersitetleriniň köpüsinde hytaý dilini öwrenip bolýar diýip, türkmen prezidenti belledi.


Şeýle-de ol iki ýurduň ýaragly güýçleriniň enjam tehnologiýasy, harby gullukçylary taýýarlamak we beýleki ugurlar boýunça amaly hyzmatdaşlygy güýçlendirip, täze ösüş bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürjekdigine umyt bildirdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net