Moskwanyň golaýynda soňky birnäçe günde ikinji söwda merkezi ot aldy
Moskwa regionynyň adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň 12-nji dekabrda beren maglumatyna görä, ýangynyň netijesinde, Balaşiha şäherindäki söwda merkeziniň üçegi hem agypdyr.
Heläk bolanlar ýa şikeslenenler barada maglumat ýok.
9-njy dekabrda Moskwanyň etegindäki Himki şäherindäki söwda merkeziniň ot almagy netijesinde bir adam heläk boldy, şeýle-de binanyň özi weýran boldy.
