Russiýa Gorno-Badagşan sebitiniň ýene bir ýaşaýjysyny Täjigistana iberdi
34 ýaşly Amid Alifşoýewiň ýakynlarynyň 28-nji noýabrda Azatlyga aýtmagyna görä, ol Moskwada bäş ýyl ýaşandan soň, geçen hepde rus polisiýasy tarapyndan saklanypdyr we birnäçe günüň içinde ekstradisiýa edilipdir.
Olar onuň haýsy sebäp bilen saklanandygyny we näme üçin ekstradisiýa edilendigini bilmeýändiklerini, şeýle-de Täjigistanda oňa anyk haýsy aýyplamalaryň ýöňkeljekdiginiň anyk däldigini aýtdylar.
17-nji noýabrda Gorno-Badagşan sebitiniň ýene bir ýaşaýjysy Firuz Mamadýorbekow Moskwada tussag edildi. Ol şondan bäri üzňelikde saklanýar.
Gorno-Badagşan sebitindäki ýagdaýlara gözegçilik edýän “Pamir Daily News” websaýtynyň maglumatyna görä, soňky alty aýyň dowamynda bu regionyň azyndan 20 ýaşaýjysy Moskwada tussag edilip, Täjigistana zor bilen iberilipdir.
