Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Stambul: Türkmen migrantlary ýene-de alkogol bilen zäherlendi

0
Şu aýyň başyndan bäri Stambulda türkmen migrantlarynyň galp alkogol bilen zäherlenmegine degişli azyndan iki ýagdaý ýüze çykdy. Lukmançylyk kömegini sorap medisina edaralaryna ondan gowrak adam ýüz tutdy. Keselhanada bejergi almagyň gymmatlygy sebäpli, käbir migrantlar saglyk kynçylyklarynyň bardygyna garamazdan, hassahana ýerleşdirilmedi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ahmet Rahmanow türkmen raýatlarynyň köpçülikleýin zäherlenen ýagdaýlary barada birnäçe ejir çeken we şaýat bolan adam bilen söhbetdeş boldy.


Zäherlenen türkmen raýatlarynyň biriniň garyndaşy habarçymyza ilkinji zäherlenmäniň 5-nji noýabrda toýda bolandygyny aýtdy.


“5-nji noýabrda geçirilen toýdan soň, takmynan 10 adam özüni erbet duýýandyklaryndan zeýrendi we lukmançylyk kömegini aldy. Toýda rus dilindäki ýazgyly "Rus standarty" atly bir litrlik çüýşelerden arak içdiler. Myhmanlar aragyň “ýasamadygyny” öz arasynda gürrüň etdiler we köpler ony içmezlik kararyna geldiler. Diňe arak içenler zäherlendi " - diýip, toýda zäherlenen türkmen migrantlaryndan biriniň garyndaşy gürrüň berdi.




Söhbetdeşimiz öz adynyň we ejir çekenleriň şahsyýetiniň köpçülige mälim edilmezligini isledi.


Onuň sözlerine görä, arak Stambulyň Fikirtepe şäherinde ýaşaýan bir türkmen raýatyndan satyn alnypdyr. Söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä, bu adamyň uzak wagtdan bäri Stambulda ýaşaýan türkmen migrantlarynyň arasynda galp alkogol satýandygy barada maglumatlar bar.


Azatlyk Radiosynda toýda zäherlenen türkmen raýatlarynyň soňky ýagdaýy barada takyk maglumat ýok. Emma olaryň hemmesiniň lukmançylyk kömegini alandygy, ýöne hassahana ýerleşdirilmekden ýüz öwürendigi malim boldy. Söhbetdeşimiz migrantlaryň şahsy maglumatlarynyň aýan edilmeginden howatyrlanyň, olaryň kömek alan lukmançylyk edarasynyň adyny aýtmazlygy haýyş etdi.


Türkiýedäki türkmen migrantlary hassahana ýerleşdirilmegine seýrek razy bolýarlar, sebäbi bu ýurtda stasionar bejergi gaty gymmat bolup, köp migrantyň saglyk ätiýaçlandyryş şahadatnamalary ýok.


Azatlygyň habarçysy birnäçe migrantyň arakdan zäherlenmegi bilen bagly başga bir hadysanyň 14-nji noýabrda bolandygyny anyklady. Bu gezek migrantlar oturylyşykda zäherlenipdir. Bu ýagdaýdan habarly migrant şol oturylyşykda ýene-de öýde öndürilen aragy “Rus standarty” ýazgyly çüýşeden içendiklerini habarçymyz bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu arak hem toýda içilen aragy satan üpjünçiden satyn alnypdyr.




“Toýda dörän zäherlenmelerden soň, migrantlaryň arasynda öýde öndürilen aragyň howplydygy we ondan 10-dan gowrak adamyň zäherlenendigi barada gürrüň edildi. Emma şol oturylyşyga baran myhmanlar arak içdiler we zäherlendiler"- diýip, migrant gürrüň berdi.


Emma, onuň sözlerine görä, bu gezek zäherlenen türkmen raýatlary lukmançylyk kömegini almandyrlar.


Azatlygyň geçiren söhbetdeşliginde birnäçe migrant türkmen raýatlaryndan ybarat iki sany toparyň öz watandaşlarynyň arasynda galp arak satmak bilen meşgullanýandygyny aýtdy. Alkogol Türkiýede gymmat we migrantlar ony satyn alyp bilmeýändigi sebäpli, birnäçe esse arzan galp aragy satyn almagy makul bilýärler.




“Adaty dükanda bir litr çüýşe hakyky aragyň bahasy 450-den 600 lira (25-33 dollar), bu migrant üçin gaty gymmat. Şol türkmenlerden alnan ýasama aragyň bahasy 150 lira (takmynan 8 dollar). Şonuň üçin zäherlenmek töwekgelçiligine garamazdan, migrantlar galp arak satyn alýarlar "- diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýdýar.


Bu gezek galp arakda zäherlenme adam ölümine getirmedi. 2020-nji ýylyň mart aýynda Stambulda galp arak bilen köpçülikleýin zäherlenmeler bolup, tutuş ýurdy haýran galdyrdy. Şonda onlarça adam, esasanam türkmen raýatlary agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirildi. Soňra Türkmenistanyň azyndan 53 raýaty şol zäherlenmeden öldi.


Soňra türk metbugaty türkmen raýatlarynyň koronawirusdan goranmak üçin öýde öndürilen aragy içendiklerini habar berdi.


Türk metbugatynyň maglumatlaryna görä, polisiýa galp aragy satmakda güman edilýän 11 adamy tussag edipdir, olaryň birnäçesi Türkmenistanyň raýatlarydyr.


Türkmen häkimiýetleri merhumlaryň jesetlerini ýurduna äkitmekde kömek etmekden ýüz öwürdiler, şonuň üçin ölen türkmenleriň hemmesi Stambulyň gonamçylyklarynyň birinde jaýlandy.




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net