Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Hindistanyň saglyk syýahatçylygy türkmenleri özüne çekmegi dowam etdirýär, ýöne howa gatnawy ýok

0
Hindistan saglyk syýahatçylygy babatynda türkmenleriň arasynda öz meşhurlygyny saklaýan mahaly, möhüm saglyk bejergisine mätäç raýatlar bu ýurda syýahat etmekdäki kynçylyklaryň saklanyp galýandygyny aýdýarlar.


Türkmenistanyň hökümeti koronawirus pandemiýasynyň arasynda ýatyran halkara uçar gatnawlaryny tapgyrlaýyn dikeldýär. Ýöne ýurduň milli daşaýjysy Hindistan ugry boýunça howa gatnawlaryny heniz ýola goýmady. Bu ýagdaý saglyk bejergisini almak üçin hindi paýtagtyna gitmäge synanyşýan türkmenistanlylaryň saglyk syýahatyny kynlaşdyrýar.


“Türkmenleriň arasynda saglyk bejergisini almak üçin Hindistana, hususan-da Deli şäherine gitmek isleýän raýatlaryň sany köpelýär” diýip, howa gatnawlaryndan habarly bir çeşme Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.


Pandemiýa çäklendirmelerinden ozal “Türkmenhowaýollary” agentligi Hindistanyň Deli we Amritsar şäherlerine uçar gatnawlaryny amala aşyrýardy.




Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri Özbegistanyň üsti bilen Hindistana aşmaga çalyşýan türkmen ýolagçylarynyň sanynyň artýandygyny habar berýärler.


“Häzirki wagtda [Çärjew etrabynda ýerleşýän] “Farap-Alat” gümrük geçelgesiniň üsti bilen Özbegistana baryp, Hindistana aşmak iň arzan wariant bolup durýar” diýip, saglyk syýahatçylygyndan habarly bir türkmenistanly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Ýerli ýaşaýjy Türkmenistandan hindi paýtagtyna aşmak üçin zerur bolan ýol çykdajylary barada malgumat berdi.


Bu gümrük geçelgesi Türkmenistanyň Lebap welaýatynda, paýtagt Aşgabatdan 640 kilometr töweregi gündogarda, Özbegistan bilen serhetde ýerleşýär.


Aşgabatdan Daşkende baryp, soňra Deli şäherine uçmak isleýän raýatlar ilki Özbegistana we Hindistana wiza açdyrmaly bolýarlar. Çeşmäniň maglumatyna görä, özbek wizasynyň bahasy 62 dollar, hindi wizasy üçin 110 dollar töleg geçirmeli.


Saglyk syýahatçylygyndan habarly ýerli ýaşaýjy Aşgabatdan Lebap welaýatyna barmak üçin 500 manada çenli çykdajy edilýändigini aýdýar. “Farap-Alat” gümrük geçelgesinden geçenden soňra, Alatdan Daşkende taksili barmak üçin 50 dollar, Daşkent-Deli aralygyndaky uçar biledi üçin 350 dollar çykdajy etmeli bolýar diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar. Onuň hasaplamalaryna görä, bu ugur bilen Deli şäherine barmak üçin bir ýolagça 600 dollara çenli çykdajy edilýär. Saglyk bejergisini almak üçin Hindistana barýan raýata köplenç ýakyn hossary ýoldaş bolýar.


Azatlyk Radiosynyň howa gatnawlaryndan habarly çeşmesi “ýol azabyna” garamazdan, saglyk syýahatçylarynyň sanynyň egsilmeýändigini habar berýär.


Türkmenistanyň hökümeti maý aýyndan bäri daşary ýurtlara kadaly uçar gatnawlaryny tapgyrlaýyn dikeldip gelýär.




“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda ýaňy-ýakynda çap eden halkara uçar tertibine görä, häzirki wagtda kompaniýa Dubaý, Kazan, Frankfurt, Moskwa we Stambul ugurlary boýunça halkara howa gatnawlaryny amala aşyrýar.


Ýurtdan gidýän uçarlar Aşgabatdan uçýar, ýöne gonanlarynda Türkmenabat ýa-da Türkmenbaşy şäherlerine gonýar.


Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan berli ýaşaýjylar Hindistanyň saglyk syýahatçylygy babatynda türkmenleriň arasyndaky meşhurlygyny bu ýurtda saglyk hyzmatlarynyň bahalarynyň Türkmenistandaky bahalar bilen deňeşdirilende pes bolmagy we saglyk bejergisiniň hiliniň ýokary bolmagy bilen düşündirdiler.


Azatlyk Radiosynyň çeşmesi pandemiýa döwründe hem syýahat çäklendirmelerine garamazdan, hindi lukmançylygyna bil baglap, Türkmenistandan Hindistana aşmagy başaran raýatlaryň bolandygyny habar berýär.


Ýöne kadaly halkara gatnawlarynyň yzly-yzyna gaýtadan ýola goýulýandygy baradaky habarlaryň fonunda saglyk bejergisi üçin hindi paýtagtyna gitmek isleýän raýatlaryň sany görnetin köpelýär diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net