Aşgabatda Hasyl toýuna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
Dabarada uly üstünlikleri gazanan oba hojalyk işgärleriniň 15-sine Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bu habar ýurduň sebitlerinde pagta ýygymyna çekilýän býujet işgärleriniň has köpelýän wagtyna gabat geldi.
Türkmenistan her ýyl dürli ekinlerden bol hasylyň ýetişdirilendigini yglan edýär, ýöne soň daşary ýurtlardan import edilýän önümler, şol sanda ýag öndürmek üçin satyn alynýan pagta çigidi, ýeralma import barada maglumatlar çykýar.
Bu ýylyň Hasyl toýy oba hojalygyndaky işleriň ýagdaýynyň hem häzirki prezident, hem öňki prezident tarapyndan berk tankyt edilmeginiň birnäçe hepde soňundan geçiriler.
