Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Sarahs etrabynda 'Altyn Asyr' öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň hyzmatlarynyň hili ýaramazlaşdy

0
Soňky wagtlarda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlarynyň hili ýaramazlaşdy diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 31-nji oktýabrda sebitden habar berdi.


Ýerli ýaşaýjylar ýurduň ýeke-täk mobil aragatnaşyk ulgamynyň kadaly işlemeýändigini aýdýarlar.


“Telefon jaňlary wagtynda gitmeýär, käte anten hem ýitýär. Gyssagly bir iş çykyp, birine jaň etmekçi bolsaň, ýarym sagatlap, jaň aýlap oturmaly” diýip, bir sarahsly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Mobil aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanyjylar “Altyn Asyr” ulgamy arkaly iberilýän SMS hatlarynyň hem wagtynda iberilmeýän halatlarynyň bolýandygyny aýdýarlar.


“SMS ugratsaň abonentlere barmaýar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.




Etrap ýaşaýjylary öý telefonlarynyň kadaly işleýändigini, ýöne olaryň el telefonlarynyň ornuny tutup bilmeýändigini aýdýarlar.


“Öý telefonlary arkaly edilýän jaňlar bir gezekde gidýär, ýöne öý telefonlaryny daşarda ulanyp bolmaýar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.


“Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi web sahypasy ozal çap eden bir maglumatynda Ahal welaýatynyň käbir sebitlerinde öýjükli aragatnaşyk torunyň geriminiň giňeldilendigini habar berdi.


“Uzak aralyklary ýakynlaşdyrýan öýjükli aragatnaşyk beketleri ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan oba adamlarynyň alyp barýan işlerinde uly ýeňillikler döredýär...” diýip, kompaniýanyň web sahypasy aýdýar.


Ýöne Sarahs etrabynyň ýaşaýjylary aragatnaşyk hyzmatlarynyň, şol sanda telefon we SMS hyzmatlarynyň pes hilinden şikaýat edýärler.


“Internet, telekom ulgamy eýýäm haçandan bäri kadaly işlemeýär. Gitdigiçe, has-da beterleşýär” diýip, sarahsly bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Sarahs etraby Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitinde, Eýran bilen araçäge golaý sebitde, paýtagt Aşgabatdan 340 kilometr töweregi gündogarda ýerleşýär.


Türkmenistanyň dürli sebitlerinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar indi ençeme wagt bäri ýurduň öýjükli aragatnaşyk ulgamyndaky kynçylyklar barada gürrüň berip gelýärler.


Oktýabryň birinji hepesinde Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň günbatar Balkan welaýatynda “Altyn Asyr” sim-kartlarynyň ilata elýeterli däldigini, mobil telefon belgisine eýe bolmak isleýän raýatlaryň paýtagt Aşgabada sapar etmäge mejbur bolýandyklaryny habar berdi.




Ýurtda bar bolan ýeke-täk mobil operatory 3G we 4G ülňülerine çenli Internet mümkinçiligini hödürleýär. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli peýdalanyjylar ýurduň dürli sebitlerinde Internet tizliginiň juda haýaldygyny aýdýarlar.


“Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolup, ol “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň garamagyndadyr. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda döredilen Ulag we kommunikasiýalar agentligine hasabat berýär.


Türkmenistanyň ýeke-täk mobil operatory TMCELL ondan gowrak tarif boýunça telefon, internet we telewideniýe hyzmatlaryny hödürleýär, şol sanda, roaming, çäksiz gepleşmek we tiz internet ýaly oňaýlyklary wada berýär. Bu barada kompaniýanyň resmi websaýtynda habar berilýär.


Maglumata görä, kompaniýanyň ýurduň her bir welaýatynda onlarça bölümi bar.


Azatlyk Radiosy Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda mobil aragatnaşyk hyzmatlarynyň hiliniň peselmeginiň mümkin bolan sebäpleri barada “Altyn Asyr” kompaniýasyndan kommentariý alyp bilmedi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net