Türkmenistanda geçirilen 'ekologiýa sapagyny' Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär
Türkmenistanda geçirilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär diýip, Türkmen döwlet habarlar agentligi ýazýar.
"28-nji oktýabrda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda 'Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy' atly okuw sapagy geçirildi. Ol açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň gerimlisi boldy" diýip, resmi metbugat bu okuw sapagyna oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmeniniň, şeýle-de Türkmenistana gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjüniň hem gatnaşandygyny belleýär.
"Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi bilen söhbetdeş boldy. Ol hormatly Arkadagymyza bu çäräniň guramaçylyk meseleleri hem-de wezipeleri barada habar berdi" diýlip, habarda nygtalýar.
Bellesek, bu habar Ginness rekordlar kitabynyň wekilleriniň Ahalda gurulýan täze administratiw merkeziniň 500 hünärmeni üçin bir günlük okuw geçirmegi planlaşdyrýandygy baradaky maglumatyň yz ýanyna gabat geldi.
Ginness rekordlar kitabynyň wekilleri Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen uzak ýyllar bäri hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Soňky 20 ýyla golaý döwürde Ginness rekordlar kitaby ýurtda, şol sanda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagyndaky onlarça rekordy hasaba aldy.