Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Tahyr Ataýewiň orkestri dört ýyllygyny belledi

0
22-nji oktýabrda Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde "San Remo Aşgabat" atly konserti Tahyr Ataewiň kirişli saz gurallarynyň orkestri tarapyndan geçirildi. Bu ýyl meşhur orkestr dört ýaşady. Baýramçylyk konsertiniň geçişi barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy gürrüň berdi.


Tahyr Ataýew ilkinji konsertine ýüz tomaşaçy gelen bolsa, şu gün müň adamyň gelendigini esasly buýsanç bilen aýtdy.


"San Remo Aşgabat" ady bilen geçirilen konsertde San Remodaky ýaryşda baýrak alan Adriano Çelentano, Toto Kotunýo, Andrea Boçelli, "Rikki e Poweri", Albano we Romina Pauer ýaly meşhur italýan aýdymçylaryň dürli ýyllardaky repertuarlaryndan aýdymlar ýerine ýetirildi.


Italiýanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän şäher San Remoda 1951-nji ýyldan bäri her ýyl gyşda aýdym bäsleşikleri geçirilýär. Aşgabataky konsertde bu şäher italýan aýdym-saz medeniýetiniň nyşany bolup hyzmat etdi, emma ýerine ýetirilen aýdymlaryň ählisi onuň bilen baglanyşykly bolmady.




Konsertiň 15 çykyşyndan 7-si diňe orkestr ýagny aýdymçysyz ýerine ýetirdi. Nino Rotanyň "Godfather" kult filminden saz, Ludowiko Eýnaudiniň iki kompozisiýasy - "Experience" we "Uno matina", "Paganini: şeýtanyň gyjakçysy" atly filminiň soňunda ýaňlanan Frank Şubertiň "Erikonig" ("Tokaý şasy") ýaly eserler tomaşaçylara eşitdirildi.


Orkestriň sazandalary solistler bilen birnäçe eseri ýerine ýetirdi: Ennio Morikkonyň "Cinema paradise" eseri Bahram Dolyýew (gyjak) we "Rikki e Poweri" italýan toparynyň "Соsa sel" eseri Şirhan Batyrow (saksofon) bilen bilelikde ýerine ýetirildi. Orkestr Albano we Ramina Paueriň “Felisita” aýdymy hem ýerine ýetirdi. Üç aýdymçy sekiz italýan aýdymyny aýtdy.




Ajaýyp Begenç Maşiýewiň dört aýdymy konserte gelenlerde güýçli täsir galdyrdy: "Bella Çao" (italýan partizanlarynyň aýdymy), Andrea Bocelliniň repertuaryndan "Love in Portafino", aýdymçy Alessandro Safinonyň kompozitor Romano Muzumarranyň ýazan "Luna" aýdymy we meşhur "Karuso" atly eser ýerine ýetirildi. Gysga wagtyň içinde bütin dünýäde meşhurlyk gazanan bu aýdym 1986-njy ýylda kompozitor Lýusio Balla tarapyndan ýazylyp, beýik italýan opera aýdymçysy Enriko Karuso bagyşlanypdy. Öz wagtynda bu aýdymy Lýuçiano Paworottiniň ýetiren ýetirmegi iň uly meşhurlyk gazanypdy.




Köp tomaşaçy “Rikki e Poweri” toparynyň "Mamma Maria" atly aýdymyny we Bob Merrilliň döreden “Mambo Italiano” eserini üstünlikli ýerine ýetiren aýdymçy Ýuliýa Kadyrowa bilen ilkinji gezek tanyşdy.


"Mambo Italiano" eseriniň taryhyndan bu aýdymyň awtory sözlerini parodiýa hökmünde Nýu-Ýorkyň italýan restoranynda kagyz salfetkasyna ýazypdy. Aýdym ilkinji gezek 1954-nji ýylda aýdymçy Rosemary Kluni tarapyndan ýerine ýetirilip, bütin dünýäde meşhur boldy.




Şeýle hem, tomaşaçylar meşhur italýan aýdymçylar Adriano Çelentanonyň repertuaryndan kompozitor Gianni Bellanyň "Confessa" aýdymyny we Toto Kotunýonyň repertuaryndan "L'italiano" aýdymyny ýerine ýetiren Bogdan Smolini diňlediler.


Tomaşaçylar ähli çykyşlary el çarpyşmalar we "brawo" diýip, garşyladylar, ýöne "L'ltaliano" aýdymy aýratyn üstünlik gazandy we Bogdan Smoliniň bu çykyşy konsertiň tomaşaçylarynyň gaýtadan eşitmek islegine eýe boldy.




Konsertiň ahyrynda Tahyr Ataew "mähirli tomaşaçylara" minnetdarlyk bildirdi we "gyzgyn" jogaba eýe boldy.


Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net