Berdimuhamedowlar Hytaý lideriniň üçünji möhlete başlyk bolmagyny gutlaýar
Bu gutlag haty prezident Serdar Berdimuhamedowyň, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan, Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpiniň Hytaý Halk Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli iberilipdir.
Habarlardan mälim bolşuna görä, Hytaýyň prezidenti Si Szinpin däbi bozup, 23-nji oktýabrda üçünji möhlete partiýa liderligine bellenildi we özüniň iň ýakyn ýaranlaryny Kommunistik partiýanyň iň ýokary dolandyryş edarasyna çekip, häkimiýete bolan gözegçiligini has-da berkitdi.
Si ýedi agzaly Syýasy býuronyň hemişelik komitetine özüniň dört ýarany, şol sanda öňki sekretarlarynyň ikisi bilen jemledi. Olar jemgyýete we kyn ýagdaýdaky ykdysadyýete has berk gözegçilik etmek baradaky pikirini goldaýar.
Türkmenistan soňky onýyllyklarda Hytaýa iberýän gazynyň möçberini artdyryp, Pekin bilen Aşgabadyň arasyndaky hyzmatdaşlygauly ähmiýet berýändigini aýdýar.
