Hukuk topary Eýranda dörän tolgunyşyklarda azyndan 201 adamyň ölendigini aýdýar
Düýbi Osloda ýerleşýän topar hijabyny düzüw geýmezlikde aýyplanan 22 ýaşly gyzyň tussaglykda ölmegine gahar-gazap bildiren protestçiler gazaply basylyp ýatyrylanda öldürilen adamlaryň sanynyň hakykatda has köp bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.
EAH 12-nji oktýabrda Mahsa Amini polisiýa gözegçiliginde aradan çykaly bäri geçirilen protestler mahalynda azyndan 108 adamyň öldürilendigini, günorta-gündogar Sistan-Bulujystan sebitiniň Zahedan şäherinde polisiýa serkerdesiniň bir ýaş gyzy zorlandygy barada çykan habardan soň bolan aýry-aýry çaknyşyklarda azyndan 93 adamyň ölendigini aýtdy.
Ýogalan 108 adamyň aglabasy Kürdüstanda, Amininiň kemala gelen sebitinde, Eýranyň günbatar böleginde guralan protestler mahalynda öldürildi.
Ýurduň ýakasy gaýyşly ahlak polisiýasy Aminini 13-nji sentýabrda, aýal-gyzlaryň köpçülikde saçlaryny ýapmagyny talap edýän hijap kanunyna boýun egmezlikde aýyplap, Tähranda tussag etdi.
Üç günden soň, şaýatlaryň we maşgalasynyň Amininiň ýenjilendigi barada aýdan sözleriniň ýaýramagy bilen, keselhanada aradan çykdy. Resmiler bu aýyplamalary ret edip, onuň "keselçilikden" ölendigini öňe sürdüler.
Maşgalasy gyzyň tussag edilmezinden ozalky saglyk ýagdaýynyň gowy bolandygyny aýdýar.
