Hameneýi ýogalan zenan sebäpli guralýan protestleriň berk basylyp ýatyljakdygyny duýdurýar
Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýi baş örtügini nädogry geýmekde aýyplanyp tussag edilenden soň ýogalan zenanyň ölümi sebäpli ýurduň çar künjeginde guralan protest çykyşlaryny daşary ýurtlaryň täsiri bilen düşündirdi we howpsuzlyk güýçleriniň islendik başgaça pikiri basyp ýatyrmagyny doly goldajakdygyny aýtdy.
Hameneýi 3-nji oktýabrda, Eýranyň içinde giň ýaýran köpçülik protestleri barada eden ilkinji açyk çykyşynda olary Amerikanyň, Ysraýylyň üstüne atmaga çalyşdy we daşary ýurtlarda ýaşaýan eýranlylary “dönük” diýip atlandyrdy.
Ol 22 ýaşly Mahsa Amininiň ölüminiň öz "ýüregini gaty agyrdandygyny" aýtdy we muny "hasratly hadysa" diýip häsiýetlendirdi.
Häkimiýetler Amininiň ýürek keselinden ölendigini aýtdylar, maşgalasy we tarapdarlary onuň saglyk ýagdaýynyň gowy bolandygyny aýtdylar.
Şaýatlar onuň geçen aý tussag edilende howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýenjilendigini aýtdylar.
16-njy sentýabrda ýogalan Amininiň ölümi hijap düzgüniniň boýna dakylmagy sebäpli toplanan gahar-gazap tolkunlaryny döretdi.
Eýranyň howpsuzlyk güýçleri, şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, protestleri ýowuz çäreler bilen basyp ýatyrdy.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Birleşen Ştatlaryň Eýranyň howpsuzlyk edaralarynyň parahatçylykly demonstrasiýalara gatnaşan uniwersitet studentlerine eden hüjümi, olaryň tussag edilendigi baradaky habarlardan “howsala düşendigini we hopugandygyny” aýtdy.