Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Mekdeplerde geçirilen barlaglar ‘bilim pudagyndaky kemçilikleri ýaşyrýar’

0
Ýaňy-ýakynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň bilim we terbiýeçilik edaralarynda welaýat bilim bölüminden iberilen ýörite hünärmenler topary barlag geçirdi. Ýöne ýerli mugallymlaryň birnäçesi baş maksady sebitiň orta mekdeplerinde çagalara berilýän bilimiň hilini barlamaga "gönükdirilen" çäreleriň bilim pudagyndaky kemçilikleriň üstüni “ýaşyrmakdan” başga “bähbit” getirmändigini aýdýarlar.


“Geçirilen barlaglar mekdeplerde okuwçylara berilýän bilimiň hilini barlamaga gönükdirilmedi” diýip, bir mugallym Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Ýerli magaryf işgärlerine görä, şäheriň orta mekdeplerinde barlagçylar üçin her mekdepden 5 müň we 10 müň manat aralygyda dilden görkezme esasynda mugallymlardan pul toplandy.


“Barlagçylar geregini alandan soňra, mekdeplerde okuwçylara berilýän bilimiň hiline ‘ýokary baha’ berip gitdiler” diýip, ýerli mugallym aýdýar.




Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynyň orta mekdeplerinde geçirilen soňka barlaglar boýunça welaýat bilim müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.


Ýöne balkanly mugallymlaryň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde yzy üzülmeýän köpçülikleýin çäreleriň hem-de üznüksiz pul tutumlarynyň özlerini ýadadýandygyny aýdýarlar.


Türkmenistanda býujet işgärleri, şol sanda mugallymlar döwlet guramaçylygynda geçirilýän köpçülik çärelerine, baýramçylyk dabaralaryna mejbury gatnaşdyrylýar. Galyberse-de, mugallymlar özleriniň mekdepleri abatlamak işlerine goşant goşmaga, döwlet eýeçiligindäki gazet-žurnallara abuna ýazylmaga hem-de prezidentiň portretlerini öz çykdajylarynyň hasabyna çalyşmaga mejbur edilýändiklerini aýdýarlar.


Ýerli magaryf işgärleri mejbury çäreleriň hem-de goşmaça çykdajylaryň mugallymlaryň öz işine bolan yhlasyny gaçyrýandygyny aýdýarlar.


“Mugallymlar döwletiň geçirýän biderek çärelerinden, parahor emeldarlaryň barlaglaryndan ýadady” diýip, soňky barlagçylar üçin pul çykarmaga mejbur bolan ýerli mugallymlaryň biri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Şeýle-de, balkanly mugallymlar özleriniň zähmet haklarynyň bazar sebedine gabat gelmeýändigini, üstesine, özlerinden dürli bahanalar bilen dilden görkezme esasynda yzygiderli pul ýygnalýandygyny aýdýarlar.


“Işden elleri sowan mugallymlar mekdebe baryp, wagtlaryny geçirseler bolany” diýip, habarçynyň söhbetdeşi aýdýar.




Magaryf işgärleri okuwçylara berilýän bilimiň hiliniň we derejesiniň ýyl-ýyldan pese gaçýandygyny aýdýarlar.


“10-njy klas okuwçylaryň arasynda harp tanamaýan okuwçylar bar. Himiýa, biologiýa, fizika we matematika ýaly çylşyrymly predmetleri asla bilmeýärler. Mekdeplerde iňlis we rus dilleri kadaly öwredilmeýär. 5-nji klas okuwçylar türkmen diliniň ýazuw kadalaryny bilmeýärler” diýip, magaryf işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.


Soňky hepdelerde türkmen mekdepleri häkimiýetleriň geçirýän dürli barlag çäreleri bilen gün tertibine gelýär.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary täze okuw ýylynyň başlamagynyň yz ýany, sentýabryň ikinji hepdesinde ýurduň orta mekdeplerinde häkimiýetleriň geçirýän telefon barlaglary barada habar berdiler.


Häkimiýetler orta mekdeplerde smartfon göterýän okuwçylaryň telefonlaryny barladylar, VPN ulanýan ulanyjylary anykladylar. Marynyň mekdeplerinde geçirilen telefon barlaglarynyň yz ýany, mekdep resmileri ene-atalar bilen ýygnak geçirip, “ahlak wagyzlaryny” güýçlendirdiler.


Kanun goraýjy edaralaryň işgärleri mekdeplerde telefon barlaglaryny geçirýän mahaly, Balkanyň welaýat bilim bölüminiň hünärmenleri ‘barlag bahanasy bilen’ orta mekdeplerden pul toplaýarlar.


“Bilim pudagyna para aralaşan döwletde bilimli kadr taýýarlap bolmaýar” diýip, balkanly bir magaryf işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.


Dowam edýän täze okuw ýylynda mekdeplerde sapaklar pandemiýadan öňki tertipde okadylýar, maska talaby saklanýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net