Gresiýadan Bolgariýa çekilen geçiriji işe girizildi, ýurda Azerbaýjan gazy iberiler
1-nji oktýabrda Gresiýadan Bolgariýa çekilen gaz geçirijisi resmi taýdan işe girizildi. Sofiýada geçirilen dabara Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen, Bolgariýanyň, Serbiýanyň, Demirgazyk Makedoniýanyň we Azerbaýjanyň prezidentleri, Rumyniýanyň we Gresiýanyň hökümet baştutanlary gatnaşdy.
Bolgariýa täze çekilen geçiriji arkaly Azerbaýjandan 3 milliard kub metrden 5 milliard kub metre çenli gaz, Gresiýadan bolsa suwuklandyrylan gaz alyp biler.
Taslamanyň esasy maksatlarynyň biri Bolgariýanyň Russiýa energiýa garaşlylygyny azaltmakdan ybarat. Täze geçirijiniň işe girizilmegini Bolgariýanyň energiýa howpsuzlygy üçin "öwrülişik nokady" diýip atlandyran fon der Leýen munuň ýurt we Günorta-Gündogar Ýewropa üçin "täze eýýamyň başlangyjy" bolandygyny aýtdy.
"Bu rus gazyna garaşlylykdan azatlygy aňladýar" diýip, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy sözüniň üstüni ýetirdi.
"Adamlar Bolgariýada we tutuş Ýewropada Russiýa tarapyndan başlanan urşuň netijelerini duýýarlar, ýöne şu hili taslamalar netijesinde Ýewropada gyş üçin ýeterlik gaz bolar" diýip, ol nygtady.