HRW YD-H-nyň Owganystanyň azlyklaryna edýän hüjümlerinden alada bildirýär
HRW “Yslam döwleti-Horasan” (YD-H) diýilýän topara ygrarly söweşijileriň öz pidalaryna, Hazara jemgyýetiniň agzalaryna, “Talyban” häkimiýetleriniň çynlakaý baş galdyrmazlygy netijesinde, “mekdebe, işe ýa-da namaz okamaga barýan wagtynda eden köp sanly wagşyçylykly hüjümine” salgylanýar.
YD-H şaýy azlygyndan bolan hazaralara garşy edilen we azyndan 700 adamyň ölümine getiren 13 hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy diýip, HRW 6-njy sentýabrda çap eden hasabatynda aýtdy.
Şeýle-de, "Talyban" howp astyndaky jemgyýetleri goramaga we hüjümleriň pidalaryna we olaryň maşgalalaryna kömek bermäge borçly bolup durýar diýip, hasabatda aýdylýar.
Halkara jemgyýetçiligi “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümeti ykrar etmeýär we 2021-nji ýylyň ortalarynda BMG tarapyndan goldanýan hökümet we ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara goşunlary ýurtdan çykýan wagtynda Owganystanyň köp bölegini eýelän topary, aýal-gyzlara we azlyklara garşy edýän zulumlary üçin, yzygiderli tankyt edýär.
HRW YD-H-y, “Talybany” we beýleki toparlary halkara ynsanperwerlik kanunlaryny berjaý etmäge çagyrýar.
Şeýle-de, hasabatda daşary ýurt hökümetleri Kabuldan azlyklaryň has gowy goralmagyny talap etmeli, adamlaryň "Owganystana zor bilen gaýtarylyp getirilmegini togtatmaly we gaçybatalga baradaky arzalara we halkara goragynyň beýleki görnüşlerine oňyn garalmaly” diýilýär.
