Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2022

Watanyna gaýdyp barýan türkmen raýatlary howa menzilinde sorag edilýär

0
Uzak wagtlap daşary ýurtdan gaýtmaga synanyşyp, ahyrsoňy ýurduna barýan türkmenistanlylar ýörite gulluklar tarapyndan soraga çekilýär. Habarçylar we çeşmeler Türkmenbaşydaky ýagdaý barada habar berip, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň, hususan-da raýatlaryň gelen ýurtlardaky syýasata bolan garaýyşlary, şeýle hem türkmen hökümetiniň syýasatyny tankytlaýan toparlara gatnaşygy bilen gyzyklanýarlar.


Ýakynda Türkmenbaşy howa menzilinde sorag edilen ýolagçylaryň arasynda zähmet migrantlary we daşary ýurt uniwersitetlerinde okaýan studentler bar. Bu barada 25-nji awgustda Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri habar berdiler.


"Türkmenbaşynyň halkara howa menzilinde daşary ýurtlarda okuw ýa-da iş sebäpli bolan raýatlardan şol ýurtlarynyň içerki syýasaty barada näme pikir edýändikleri soralýar. Şeýle hem Milli howpsuzlyk ministrligiň işgärlerini olaryň Arkadaga garşy çykyş edýän toparlar bilen nähili gatnaşygynyň bardygy gyzyklandyrýar "- diýip, anonim gürleşen çeşme gürrüň berdi. 




Türkmen häkimiýetleriniň ýurda barýan türkmen raýatlaryny soraga çekmegi ilkinji gezek däl. Ilatyň barha artýan sosial-ykdysady problemalardan we hökümetiň hereketsizliginden artýan nägileligiň fonunda, türkmen häkimiýeti ilatyň kynçylyklaryny ykrar edip, çözüp başlamagynyň ýerine raýatlary öz hukuklaryny talap edendikleri üçin hem içerde, hem-de daşarda yzarlaýar.


Habarçynyň sözlerine görä, ýurda barýan raýatlaryň režime wepalylygyny barlamak boýunça gözegçilik aeroportdaky sorag edişlik bilen gutarmaýar.


"Soňky 6 aýyň dowamynda ýurda gaýdyp gelen raýatlar her hepde diýen ýaly ýerli häkimliklere çagyrylýar we sorag edilýär. Olardan hatda bank kartlaryndaky pullarynyň möçberi we puluň nämä sarp edilendigi barada hasabat talap edilýär" - diýip, sorag çekilenleriň ençemesi bilen Azatlygyň habarçysy aýdýar. 


Azatlyga mälim bolan ýagdaýlaryň birinde Belarus uniwersitetini gutaryp gelen türkmenbaly MNB işgärleriniň özüniň we ýaňy-ýakynda öýlerine gaýdyp gelen beýleki adamlardan jübi telefonlaryny konfiskasiýa edendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bir aý dowam eden barlagdan soň telefonlar eýelerine gaýtarylyp berilipdir. Bu aralykda ýigit her hepdede bir gezek Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň gürrüňdeşligine barmaga we soraglaryna jogap bermäge mejbur bolandygyny aýtdy.


"Sorag wagtynda beýleki studentleriň 'ýaramaz' toparlara degişlidigini ýa-da ýokdugyny anyklamak islediler. Şeýle bolsa, jikme-jik gürrüň bermegi, olary satmagy talap etdiler. Hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwürseň, goramaga synanyşsaň diplomdan mahrum etmek ýa-da tussag etmek bilen haýbat atdylar"- diýip, Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde aýtdy. 




Ýene bir ýagdaýda, Balkan welaýatynyň etraplarynyň biriniň ýaşaýjysy, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň onuň Türkiýede bolan wagtynda türkmen hökümetiniň syýasatyny aç-açan tankytlaýan raýatlar hakda maglumatlary sorandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, ondan Dursoltan Taganowanyň internetdäki çykyşlaryna tomaşa edip-etmeýändigi, protest çykyşlara gatnaşyp-gatnaşmandygy ýa-da muny edýän adamlar hakda näme bilýändigi soralypdyr.


Sorag edişlik bilen bagly başdan geçirenlerini Azatlygyň habarçysy bilen paýlaşan Türkmenbaşynyň ýaşaýjylary, watandaşlaryna ýurda gelmezden ozal jübi telefonlaryndaky magumatlary gözden geçirmegi we problema döredip biljek maglumatlary ýok etmegi maslahat berýändiklerini aýdýarlar. Azatlyk Radiosy söhbetdeşleriniň atlaryny we beýleki şahsy maglumatlaryny olaryň howpsuzlygy nukdaý nazaryndan agzamakdan saklanýar.


Ýakynda, türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda, şol sanda Türkiýede galan raýatlaryny ýurda getirmek ugrundaky tagallalaryny biraz güýçlendirdi. Bu, Stambulyň howa menzilinde geçirilen birnäçe protestden soň bolup geçdi, ýygnan ýüzlerçe raýat Türkmenistandan öýlerine dolanmak üçin şert döretmegi talap etdi.


Türkmenistanda koronawirusyň bardygyny we onuň netijelerini inkär edýän hökümet pandemiýanyň başynda ýatyran halkara uçuşlary doly dikeltmedi.


Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net