Adalat departamenti: Trampyň rezidensiýasynda geçirilen FDB barlagy iň ýaşyryn resminamalaryň üstüni açdy
Şeýle-de, Adalat departamenti özüniň alnyp gidilen ýazgylar, Içalyçylyk aktynyň, milli goranyş maglumatlaryna eýeçilik etmegi we olaryň ygtybarly hökümet edarasyndan çykarylmagyny gadagan edýän federal kanunyň bozulmagy boýunça geçirýän dereňewiniň üstüni açdy.
Bu maglumatlar FDB agentleriniň 8-nji awgustda, federal kazy barlag geçirmek orderini tassyklandan soň, Trampyň rezidensiýasynda barlag, gözleg çärelerini geçirenlerinden soň çykarylan kanuny resminamalarda aýan edildi.
Adalat departmanti ABŞ-nyň magistrat kazysy Brýus Reýnharta öý dökmek barada beren orderiniň Trampyň içalyçylyk kanunyny bozan bolmak ähtimallygyny görkezýän ynamdar sebäp bilen baglydygyny aýtdy.
Trampyň Florida ştatyndaky Mar-a-Lago rezidensiýasyny döken FDB agentleri ol ýerden 20-den gowrak gutyny alyp gaýtdy. Resminamalaryň käbirinde ýurduň iň berk ýerde saklanýan milli howpsuzlyk maglumatlaryna goýulýan "doly ýaşyryn” diýen belgi bar.
12-nji awgustda "Washington Post" habarynda aýtmagyna görä, Tramp FDB-nyň öz öýünde geçiren gözleginiň ýadro ýaragy bilen baglanyşykly gizlin materiallar bilen baglydygy baradaky habary ret etdi we bu aýdylýanlary "toslama" diýip atlandyrdy.
