Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Türkmenabatda öýsüz itler 'wagşylarça' öldürilýär

0
18-nji iýulda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri köçelerdäki öýsüz itleri gynap, 'wagşylarça' öldürdiler. Bu pursatlary görkezýän wideolar Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gelip gowuşdy.


Haýwanlary gorap çykyş edýän ýerli aktiwistleriň we ýaşaýjylaryň düşüren wideolarynda jemagat hojalygy müdirliginiň mämişe reňkdäki uly ulagynda gelen işgärleriň agyr taýaklar bilen itleriň kellesine, gymyldamagyny bes edip jany çykýança, urýandygyny görse bolýar.




Wideolaryň birinde jemagat hojalygy müdirliginiň işgäriniň ozal urlup-ýenjilen iki iti galdyryp, "97 36 LBD" döwlet belgili ulaga tarap alyp gidende, olaryň biriniň heniz janynyň çykmandygyny we çyňsaýandygyny eşitse hem-de görse bolýar.


Işgär iti ulagyň golaýyna eltende, beýleki bir işgär agyr taýak bilen onuň kellesine birnäçe gezek, tä gymyldamagyny bes edýänçä, urýar. It çyňsamagyny bes edip, jany çykandan soň, işgärler, beýleki itleri edişleri ýaly, ony hem mämişe ulagyň arkasyna oklaýarlar.


Ýerli häkimiýetler bu çäreleri Türkmenabadyň etrapçalaryndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň töwereginde köpçülikleýin häsiýetde amal etdiler. Öldürilen janawerleriň maslyklary köçelerde ençeme minutlap, käte sagatlap ýatdy. Itleriň gynalyp öldürilmegi ýerli ýaşaýjylaryň, şol sanda çagalaryň gözüniň öňünde amal edildi.


Häkimiýetleriň bu çäreleri käbir ýaşaýjylaryň arasynda gahar-gazap döretdi. Wakany wideo düşüren ýaşaýjy öz gynanjyny we gahar-gazabyny paýyş sözler bilen beýan edip, "hudaýdan olaryň edýän etmişleri üçin jezalandyrylmagyny dileýär".




"Men bu wideony prezidente ibererin. Muny çagalar görýär. Bu çagalaryň gözüniň öňünde amal edilýär. Serediň, itleri öldürdiler. Men bu wideony prezidente ibererin. Serediň kamera! Kamera tarap serediň!" diýip, wideoda ýaşaýjy jemagat hojalygy müdirliginiň işgärlerine ýüzlenýär.


Şeýle-de, ol işgärler tarapyndan urlup ýenjilenden soňra halta salnan pişigi we iti çykaryp, itiň kellesine urlan bolmagynyň ähtimaldygyny, sebäbi onuň sagat däldigini gürrüň berýär.


Azatlygyň häkimiýetleriň alyp barýan bu çäreleri barada Lebap welaýat, Türkmenabat şäher häkimliklerinden we olaryň jemagat hojalygy müdirliklerinden kommentariýa almak synanyşyklary netijesiz boldy.


Soňky ýyllarda Türkmenistanyň häkimiýetleri köçelerdäki itleri we pişikleri rehimsizlik bilen duzak gurmak, zäherlemek hem-de taýaklamak arkaly ýok etmek çärelerini güýçlendirdiler. Häkimiýetler 'wagşylarça' amal edýän bu çärelerine mundan 10 ýyl ozal girişdiler. Ýöne bu çäre 2016-njy ýyldan bäri has-da güýçlendi.


Häkimiýetler idegsiz itler bilen bir hatarda öý haýwanlaryny hem nyşana alýarlar. Haýwanlary alyp gaçmak we öýlerden zor bilen çykarmak ýaly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.


Häkimiýetler bu işlere jemagat hojalygy müdirliginiň, ýerli häkimlikleriň işgärleri bilen bir hatarda, käte adaty raýatlary we çagalary hem çekýärler. Munuň bilen bir wagtda, häkimiýetler haýwanlary goraýan raýatlara we aktiwistlere basyş edýärler.


Beýleki tarapdan, bu çäreleri boýun almaýan türkmen häkimiýetleri alabaý itleriniň kultyny güýçlendirýärler. Geçmişde prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen alabaý itleriniň halkara birleşigi atly guramyň prezidenti bolupdy. Ýurtda "Hormatly itşynas" we "At gazanan itşynas" atlary, şeýle-de "Ýylyň edermen alabaýy" medaly döredilip, türkmen alabaý itleriniň baýramy esaslandyryldy.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net