Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Maryda ýollaryň arassaçylygy býujetçileriň hasabyna 'üpjün edilýär'

0
Mary welaýatynyň häkimiýetleri jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärlerini azaldyp, köçeleriň arassaçylygyny býujet işgärleriniň maddy çykdajylarynyň hasabyna üpjün edýärler. Bu maglumatlar, ýurtda ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda käbir edara-kärhanalarda işgär sanynyň kemeldilýändigi we işgärlere zähmet haklarynyň öz wagtynda berilmeýändigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi. Bu ýagdaýlar barada maryly býujet işgärleriniň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.


"Etraplardaky döwlet edaralarynyň tas her birine etrabara ýollaryň gyralaryndan ýer bölegi paýlanyp berlip, onuň arassaçylygyny üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle tabşyryk etraplardaky hassahanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we häkimlikleriň ýolbaşçylaryna gelip gowuşdy" diýip, maryly býujet işgäri 14-nji iýulda aýtdy.




Onuň sözlerine görä, ýolbaşçylar bu tabşyryklary işgärleriň üstüne ýükleýärler. Olar işgärlerden etrabara ýollaryň gyralarynda gidip işlemegi ýa-da hakyna işçi tutmak üçin pul serişdesini bermegi talap edýärler.


"Býujetçilerden ýygnalýan puluň möçberi olaryň aýlyk haklaryna görä üýtgeýär. Käbir işgärler hepdede 20 manat berýän bolsa, käbiri 40 manat bermeli bolýar" diýip, býujet işgäri aýtdy.


Hakyna tutulan işçiler etrabara ýollaryň gyralarynyň haşal otlaryny çapyp aýyrmak we arassalamak, täze ekinleri, şol sanda gülleri ekmek ýaly işleri ýerine ýetirýärler.


Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde iş wagtynyň kadaly dowamlylygynyň hepdede 40 sagatdan ýokary geçmeli däldigi aýdylýar.


Býujet işgärleriniň ençemesi edara ýolbaşçylaryna bu kodeksi ýatladyp, öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirip, gündelik iş sagadyndan soňra arassaçylyk işlerini geçirmegiň mümkin däldigini düşündirmäge synanyşýarlar.


"Eger işlejek bolsaň, hökman pul goşmaly" diýip, býujet işgäri öz edara ýolbaşçysynyň sözlerini sitirleýär we synanyşyklaryň adatça bolşy ýaly puja çykýandygyny aýdýar.


Býujet işgärlerine bu talaplar we onuň sebäpleri barada resmi düşündiriş hem berilmeýär. Ýöne käbir edara ýolbaşçylarynyň işgärlere dilden beren maglumatyna görä, munuň sebäbi jemagat hojalygyna degişli edaralarda işgär sanynyň azaldylmagy we arassaçylyk işgärleriniň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly.




Azatlyk bu talaplar barada Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýerli edarasyndan, şeýle-de Marynyň häkimliginden kommentariýa alyp bilmedi.


Ýöne bu maglumatlar, ýurtda ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda käbir edara-kärhanalarda işgär sanynyň kemeldilýändigi, işgärleriň aýlyklarynyň öz wagtynda berilmeýändigi we olaryň goşmaça tölegsiz artyk işlemäge mejbur edilýändigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.


Türkmenistanda býujet işgärleri dürli maksatlar üçin ýylyň dowamynda onlarça gezek pul goşmaga mejbur bolýarlar. Bu ýyl Balkanyň we Marynyň häkimiýetleri döwletiň gurbanlyk sadakalaryny hem býujetçileriň hasabyna berdiler.


Türkmenistan soňky ýyllarda öz garaşsyzlygynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýär. Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary aç-açan boýun almaýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net