Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2022

BMG, ABŞ Özbegistandaky ganly tolgunyşyklaryň garaşsyz derňelmegini talap edýär

0
BMG-niň adam hukuklary bölüminiň başlygy Mişel Baçelet Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasynda bildirilen protestler wagtynda azyndan 18 adamyň ölmegi bilen bagly ýagdaýlaryň garaşsyz derňelmegine çagyrdy. Ol häkimiýetlere adatdan daşary ýagdaý kanunlaryndaky çäklendirmeleriň halkara kanunlaryna laýyk gelmelidigini, zerur, proporsional we kemsitmesiz bolmalydygyny hem ýatlatdy.


"Bize protestler wagtynda ýüz urlan düýpli zorluklar, şol sanda adamlaryň öldürilmegi barada gowşan habarlar örän alada goýýar. Men häkimiýetleri aňrybaş derejede sabyr-kanagatly bolmaga çagyrýaryn" diýip, Baçelet 5-nji iýulda eden beýanatynda aýtdy.


"Men häkimiýetleri bu kontekstde edilendigi aýdylýan jenaýat hereketleri, şol sanda döwlet agentleri tarapyndan edilendigi aýdylýan zorluklar boýunça haýal etmän aç-açan we garaşsyz derňew geçirmäge çagyrýaryn" diýip, ol aýtdy.


Birleşen Ştatlar aýratynlykda alada bildirip, ähli taraplary dartgynlyga “parahatçylykly çözgüt” tapmaga we zorlukdan saklanmaga çagyrdy.


"Biz häkimiýetleri zorluk boýunça halkara kadalaryna we öňdebaryjy tejribä laýyk gelýän doly, ygtybarly we aç-açan derňew geçirmäge çagyrýarys" diýip, döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs 5-nji iýulda eden beýanatynda aýtdy.




Özbek häkimiýetleri 4-nji iýulda awtonom Garagalpagystan sebitinde bu respublikanyň territoriýa durumyna täsir ýetirjek konstitusiýa üýtgetmeleri baradaky teklipler sebäpli guralan demonstrasiýalar wagtynda bolan çaknyşyklarda 18 adamyň ölendigini habar berdiler.


Bu gozgalaň, protestçileriň howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşmagy netijesinde, 2016-njy ýylda, öňki prezident Yslam Karimow ýogalandan soň premýer-ministr wezipesinden häkimiýet başyna gelen prezident Şawkat Mirziýoýewiň dolandyryşyna şu wagta çenli iň uly synag döreden waka boldy.


Mirziýoýew 27-nji iýunda Özbegistanyň konstitusiýasyna üýtgetme girizmegi, şol sanda Garagalpagystanyň raýatlarynyň, eger-de şeýle karara gelseler, referendum arkaly garaşsyzlyk gazanmak hukuklary baradaky kepillikleriň esasy kanundan aýrylmagyny teklip edeninden soň, paýtagt Nukusda we beýleki şäherlerde uly protestler başlandy.


Mirziýoýew 2-nji iýulda meýilleşdirilen konstitusiýa üýtgetmelerinden yza çekildi we konstitusiýadan aýrylmakçy bolan sözleriň öňki durkunda galdyryljakdygyny aýtdy.




Baçelet 500-den gowrak adamyň tussag edilendigini, bir adamyň bolsa eýýäm günäkärlenendigini, onuň 20 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilinjekdigini aýtdy.


"Adamlar öz hukuklaryny ulanandygy üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilmeli däl" diýip, Çiliniň öňki prezidenti aýtdy.


“Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara Konwensiýa laýyklykda, her bir adamyň söz azatlygyna, parahatçylykly ýygnanyşmaga we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmaga hukugy bar, Özbegistan hem bu bileleşigiň agzasy bolup durýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


Tussag edilenleriň ählisiniň haýal etmän aklawçy tutmak hukuklarynyň we adalatly kazyýet kepillikleriniň berjaý edilmegi hökmanydyr diýip, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary aýtdy.




Baçelet özbek hökümetini internet petiklemelerini hem derrew açmaga çagyrdy, ol bu çäräniň belli bir häsiýete eýe bolman, söz azatlygy we maglumat almak azatlygy baradaky esasy hukuklara görlüp-eşidilmedik derejede täsir ýetirýändigini aýtdy.


Şeýle-de, ol häkimiýetlere adatdan daşary ýagdaý kanunlaryndaky çäklendirmeleriň halkara kanunlaryna laýyk gelmelidigini, zerur, proporsional we kemsitmesiz bolmalydygyny ýatlatdy. Mundan başga, BMG-niň baş hukukçysy adatdan daşary ýagdaýyň dowamlylygy çäklendirilmeli we bidüzgünçilikleriň öňüni almaga gönükdirilen esasy çäreler bolmaly diýdi.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net