Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2022

Türkmenistanda aýallar 'emeli gözellik' gadaganlygy sebäpli işden cykarylýar

0
Türkmenistanda aýallara kosmetiki amallary ulanandyklary üçin işden kowulmak howpy artýar. Hususan-da, botoks howa gatnawy we demirýol transporty ugurlarynda işleýän zenanlaryň işden çykarylmagyna sebäp boldy. Bu aralykda, zenanlaryň öz şahsy durmuşyna gatyşmakdan aç-açan nägileligi köpelýär.


Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, soňky günlerde dodaklaryny botoks bilen çişiren we beýleki kosmetiki amallary ulanan onlarça stýuardessa we otlularda hyzmat edýän zenan işsiz galypdyr.


"Uzak arakesmeden soň içerki transport gatnawlaryny dikeldýän 'Türkmen howaýollary' awiakompaniýasy dodaklarynda botoks bolan 20 töweregi stýuardessany işinden boşatdy. Demirýollarda işleýän zenanlaryň arasynda hem işden çykarylanlaryň ençemesi boldy. Botoksly dodaklary sebäpli 50 töweregi ýolbelet işden boşadyldy, ýene birnäçesi göwsüni ulaltmak üçin silikon goýdurany üçin işden çykaryldy" - diýip, Aşgabatdaky çeşme aýdýar. Onuň sözlerine görä, köpler başga işe işe ýerleşmek hukugy berilmezden işden aýrylýar.




Habarçylar dodaklary botoks bilen çişirilen zenanlaryň işini ýitirmegine degişli ýagdaýlaryň ýurduň beýleki sebitlerinde-de bolandygyny habar berýärler. Hususan-da ýurduň günbatarynda Türkmenbaşy howa menzilinde işlän azyndan 6 zenan işgär işsiz galypdyr. Şeýle hem, Türkmenabatdan Aşgabat şäherine gatnaýan içerki uçarlarda işleýän 2 stýuardessa dodaklaryndaky botoks sebäpli işinden boşadylypdyr.


Türkmenistan uzaga çeken koronawirus karantininden soň içerki transport aragatnaşyklaryny ýuwaş-ýuwaşdan dikeldip başlady. Paýtagt bilen welaýat merkezleriniň arasynda yzygiderli gatnawlaryň täzeden başlamagy bilen biletleriň bahasy hem ýokarlandy. Lebapdaky habarçynyň sözlerine görä, Türkmenabatdan Aşgabat şäherine uçarlaryň bahasy 25% ýokarlanypdyr.


Azatlyk Radiosy "Türkmen howa ýollarynyň" wekillerinden, şeýle hem "Türkmen demirýollaryndan" zenan işgärleriň işden çykarylmagy we munuň sebäpleri barada resmi kommentariý alyp bilmedi.


Bu aralykda, aýal maşgalalar öz şahsy durmuşyna goşulmazlyk hukuklaryny goramaga çalyşýarlar. Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, aýal-gyzlaryň köçelerde ilatyň daş keşbine we zenanlaryň kosmetiki amallary ulanandygy sebäpli jerime salýan polisiýa işgärlerine garşylyk görkezen ýagdaýlary ýüze çykypdyr.


Azatlyga mälim bolan wakalaryň birinde iki aýal özlerine emeli kirpikleri sebäpli jerime saljak bolan polisiýa işgäri bilen dawalaşypdyr.


"Aýallar gadaganlyk barada ýazmaça kararyň görkezilmegini talap etdiler, etrap polisiýa işgäri bolsa olara gygyrdy" -diýip, wakanyň bir şaýady gürrüň berdi.


Çeşmelere görä, waka 27-nji aprelde Aşgabadyň 30-njy mikroraýonynda bolupdyr. Dawany gören şaýatlar polisiýa garşylyk bildiren aýallaryň soňky ykbalynyň nähili bolandygyny bilmeýärler.




Türkmenistanda gadaganlyklaryň köpüsi dilden aýdylýar. Häkimiýetler adatça täze gadaganlyklaryň girizilendigini resmi taýdan yglan etmeýärler. Her gezek polisiýa ilata derhal jerime salyp başlaýar, ýöne karar we buýruk baradaky ýazmaça dokument görkezmeýär. Döwletiň doly gözegçiligindäki habar beriş serişdeleri hem gadagançylyklar barada habar bermeýär. Bu şertlerde ýurduň ýaşaýjylary adatça özlerinden edilýän täze talaplaryň kanun goraýjy gulluklaryň işgärleri bilen ýüzbe-ýüz bolanda bilip galýarlar.


Üç hepdä golaý wagt mundan öň botoksyň we dodaklaryň çişirilmeginiň gadagançylygyndan başlanan ilatyň daşky görnüşine berk gözegçilik soňy bilen ähli kosmetiki hyzmatlara ýaýrady, yzýany kärhanalarda we okuw jaýlarynda “tebigy gözellik” wagyz-nesihatlary başlandy. Aýal-gyzlar üçin dar köýnek hem gadagan edildi. Gadagançylyk ak toý köýneklerine-de baryp ýetdi. Şeýle-de, ýurtda zenanlara jynsy, erkekler şorty geýmek gadagan edildi we gijeki klublar ýapyldy. Soňky günlerde awtoulaglaryň öňdäki oturgyjynda oturan aýal-gyzlara hem jerime salyndy.


Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy soňky günlerde ähli döwlet edaralarynda jalbar we jeansy geýip baran zenanlara garşy çäre görülip başlanandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, şeýle geýimli zenanlara hyzmat etmekden, olaryň dokumentlerini kabul etmekden we hatda olar bilen gürleşmekden ýüz öwrülýär.




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net