Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2022

“Türkmenhowaýollary”: Dowamly halkara uçuşlaryny ýola goýmak entek planlaşdyrylmaýar

0
Garaşsyz neşir golaýda hökümetçi türkmen medialarynda käbir halkara ugurlar boýunça dowamly uçar gatnawlarynyň ýola goýuljakdygy barada peýda bolan maglumatlaryň ýalandygyny aýdýar, şeýle-de Türkmenistanda bu barada entek gürrüň edilmeýändigini belleýär. Bu aralykda, Türk howaýollary gullugynyň wekili Azatlygyň habarçysyna Türkmenistana uçuşlaryny ýola goýmaga taýýardygyny, emma munuň türkmen tarapyna bagly bolup durýandygyny aýdýar. Munuň bilen baglylykda, “Türkmenhowaýollary” gullugy Azatlyga häzirki pursat diňe halkara çarter uçuşlarynyň amala aşyrylýandygyny, dowamly ýolagçy uçuşlaryny ýola goýmagyň entek göz öňünde tutulmaýandygyny aýtdy.


“[Türk howaýollary] 1-nji aprelden başlap, Aşgabada uçuşlaryny gaýtadan ýola goýmaga taýýar. Emma bu türkmen tarapyna bagly bolup dur” diýip, Türk howaýollary gullugynyň Stambulyň halkara aeroportundaky wekili habarçymyza aýtdy.


Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň martynda ähli halkara uçuşlary ýatyranyndan soň, dürli ýurtlarda ‘agyr ýagdaýda galandygyny' aýdýan müňlerçe türkmen raýaty watanyna dolanyp bilmän kösenýär.


Mundan öň, 22-nji martda hökümetçi Turkmenportal neşiri Russiýanyň Tatarystan respublikasynyň paýtagtyndaky Kazan aeroportunyň aprelden başlap Aşgabada uçuşlaryny ýola goýjakdygyny habar berdi. Ýarym-resmi neşir habarynda aeroportuň metbugat wekiline salgylandy.


Şeýle-de, 26-njy martda ýene bir hökümetçi Orient neşiri 27-nji mart – 29-njy oktýabr aralygyndaky tomusky möwsümiň dowamynda Aşgabat-Minsk ugry boýunça dowamly uçuşlaryň ýola goýuljakdygyny habar berdi. Neşir Minskiň milli aeroportunyň saýtyndaky uçuşlaryň tertibine salgylanyp, 9-njy aprelden başlap “Türkmenhowaýollary” gullugynyň hepdede bir gezek Aşgabat-Minsk ugry boýunça uçuşlary amala aşyrjakdygyny aýtdy.


Emma garaşsyz turkmen.news neşiri türkmen hökümetindäki öz çeşmesine salgylanyp, ýurduň özünde halkara uçar gatnawlaryny dikeltmek barada gürrüň edilmeýändigini aýdýar. Neşir Minskiň aeroportunyň uçar tertibinde Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň görkezilendigine, emma olara onlaýn ýagdaýda bilet satyn alyp bolmaýandygyna hem ünsi çekýär.


“Türkmenhowoýollary” gullugynyň resmi websaýtynda täzeden ýola goýuljakdygy aýdylýan uçar gatnawalary barada maglumat ýok. 29-martda gullugyň wekili Azatlyga häzirki pursat diňe halkara çarter uçuşlarynyň amala aşyrylýandygyny, dowamly uçuşlaryň ýola goýulmagynyň entek planlaşdyrylmaýandygyny aýtdy.


Türkmenistana käwagt barýan uçarlara münmek üçin düzülýän resmi sanawlara goşulmak işi käbirler üçin aýlara, beýlekiler üçin bir ýyldan hem köp wagta çekýär. Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar bu uçarlardan peýdalanyp bilmek üçin daşary ýurtlardaky türkmen resmileriniň 1 müňden 3 müň dollar aralygynda para soraýandyklaryny hem gürrüň berýärler.


Türkmenistan şu wagta çenli öz çäginde resmi taýdan hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almady, ýöne pandemiýanyň dowamynda hökmany maska režimi, sebitara hereket çäklendirmeleri ýaly mejbury düzgünleri ornaşdyrdy. Mundan başga-da, dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň birinden syzyp çykýan maglumatlarda, wirusa ýolgugýanlaryň, ondan heläk bolýanlaryň hem köpdügi nygtalýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net