Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2022

Bereketiň obalaryny sil suwlary basdy, onlarça maşgala öýlerini terk etdi

0
Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň käbir obalaryna sil geldi. Sebitde 50 töweregi hojalygyň öýüni sil suwlary basdy. Bu waka Türkmenistanyň dürli sebitlerinde güýçli ýagyşlaryň ýagmagynyň we howa maglumatlaryny çap edýän neşiriň ýurduň käbir sebitlerinde suw joşmalarynyň ähtimallygyny duýdurmagyny yz ýanyna gabat geldi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.


"Etrabyň Uzynsuw, Oboý, Kanaý obalaryna, şeýle-de 8-nji we 10-njy atly dag etek obalaryna orta howp derejesindäki sil suwlary geldi" diýip, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi 18-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.


Olaryň sözlerine görä, sil suwlary iň köp 10-njy atly oba zyýan ýetirdi. Bu ýerde 50 töweregi ýaşaýjynyň öýüni suw basdy. Netijede, onlarça maşgala öýlerini terk edip, wagtlaýyn dogan-garyndaşlaryna göçmeli boldy.




Sil suwlary ekerançylyk ýerlerine, şol sanda oba ýaşaýjylarynyň bugdaý, ýazky sogan we ýeralma meýdanlaryna hem ýaramaz täsir ýetirdi.


Habarçymyzyň we ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, sil suwlarynyň gelmegine sebitde soňky dört gün bäri ýagýan güýçli ýagyş sebäp boldy.


Ýatlatsak, soňky günlerde Türkmenistanyň dürli sebitlerinde, şol sanda paýtagt Aşgabatda we Mary welaýatynda yzygiderli ýagyş ýagdy. 


17-nji martda Aşgabatdaky habarçymyz şäheriň ençeme köçesini ýagyn suwlarynyň basandygyny, jemagat hojalygy gullugyna degişli edaralaryň işgärleriniň köçeleri ýagyn suwlaryndan arassalamak tagallalaryna garamazdan, munuň o diýen başa barmaýandygyny habar berdi.


Galyberse-de, ​howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 17-nji martda Köpetdagyň dag eteklerinde we daglyk ýerlerinde, Ahal we Lebap welaýatlarynyň käbir sebitlerinde, şol sanda Aşgabatda güýçli ýagşyň ýagmagyna garaşylýandygyny habar berdi.


16-njy martda çap edilen maglumatda munuň dag çeşmeleriniň we wagtlaýyn akymlaryň boýunda suw joşmalaryna sebäp bolup biljekdigi hem duýduryldy.


Bu ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň resmi websaýtynda hiç zat aýdylmaýar.




Türkmen häkimiýetleri asuda ilaty gapyl basyp biljek tebigy hadyslar barada öňünden ýa soňundan habar bermekden adatça saklanýar.


Soňky ýyllarda, hususan-da, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde güýçli ýagyşlaryň ýagyp, sil suwlarynyň gelmegi we munuň ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetirip, adam pidalaryna sebäp bolmagy bilen bagly tebigy hadysalaryň ençemesi ýüze çykdy.


Bereket etrabynyň oba ýaşaýjylary mundan iki ýyl ozalky gelen siliň netijelerini doly dikeldip ýetişmändiklerini aýdyp, häkimiýetleriň ne ozalky, ne-de häzirki tebigy hadysada özlerinden habar alyp, goldaw berýändigini aýdýarlar.


"2020-nji ýyldaky suw joşmalarynda adam pidalary hem boldy. Ilatyň mal-garasy, şol sanda düýeleri, sygyrlary, goýunlary, geçileri, towuklary haram öldi. Döwlet jaýlary gazmak üçin ekskawator hem berip bilmedi" diýip, bereketli ýaşaýjy anonimlik şertinde 18-nji martda gürrüň berdi.


Adatça bolşy ýaly döwlet media serişdelerinde Bereketiň obalaryna gelen sil we onuň ýaşaýjylara ýetiren zyýanlary barada hiç hili maglumat berilmeýär. Bu barada türkmen, şol sanda Bereketiň häkimiýetleri hem dymýar. Azatlygyň 18-nji martda Bereket etrap häkimligi bilen habarlaşmak synanyşyklary hem netije bermedi.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net