Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2022

ABŞ türkmen häkimiýetlerini ODIHR-iň saýlawlar boýunça maslahatlaryny berjaý etmäge çagyrdy

0
ABŞ Türkmenistanda 12-nji martda geçen irki prezidentlik saýlawlarynda Serdar Berdimuhamedowyň ýeňiji yglan edilmeginden soň, ýurduň saýlaw prosessi boýunça beýanat ýaýratdy.


Birleşen Ştatlar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlary we Adam hukuklary boýunça edarasynyň (ODIHR) Türkmenistan boýunça ýakynda çykaran bahasynda görkezilen aladalar bilen ylalaşýandygyny mälim etdi. Bu barada Döwlet departamentiniň 15-nji martda ýaýradan beýanatynda aýdylýar.


ODIHR-iň bahasynda Türkmenistanyň saýlaw prosessiniň azat, adalatly we bäsleşik esaslaryna gabat gelýändigini tassyklap bilmändigi bellenilýär.


Has ozal, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratiýa institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň Baha beriji topary 8-nji martda hasabat çap edip, gurama türkmen saýlawlaryna synçy ibermezligi maslahat berdi. Topar öz kararyny saýlawlara çenli bolan döwrüň çäkli bolmagy, Türkmenistana barandan soň 14 gün möhlet bilen talap edilýän COVID-19 karantin düzgünleri, galyberse-de, saýlawlarda syýasy plýuralizm we esasy adam hukuklaryny ösdürmek babatda edaranyň mundan ozal Türkmenistana beren maslahatlarynyň berjaý edilmezligi bilen esaslandyrdy.


Munuň bilen baglylykda, ABŞ Türkmenistanyň hökümetini saýlaw ulgamyny çykarylan bahada kesgitlenen standartlara gabat getirmek üçin ODIHR-iň rekommendasiýalaryny berjaý etmäge çagyrdy.


Beýanatda Birleşen Ştatlar bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna, territorial bütewiligine, şeýle-de Merkezi Aziýa sebitindäki howpsuzlyk we abadançylyk boýunça umumy maksatlara esaslanýandygy hem nygtalýar.


“Biz Türkmenistanyň halkynyň syýasata gatnaşmagyny höweslendirmegi, raýat jemgyýetiniň roluny ösdürmegi we umumy bähbitlerimizi berkitmegi dowam etdireris” diýip, beýanatda bellenilýär.




Giň ýaýran saýlaw galplygy baradaky habarlaryň arasynda, 15-nji martda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary irki prezident saýlawlarynda Serdar Berdimuhamedowyň 72,97 göterim ses alyp, ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.


Türkmenistanyň garaşsyzlyk taryhynda geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy abraýly synçylar tarapyndan erkin we adalatly saýlaw hökmünde ykrar edilmedi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net