Putin rus güýçlerine goşuljak 'meýletinçileriň' Ukraina gelip biljekdigini aýdýar
Putin Russiýanyň howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň daşary ýurtly şahslaryň Ukrainada Russiýa tarapyndan goldanýan güýçlere goşulmagyna rugsat bermek pikirini goldaýandygyny aýtdy.
Şoýgu prezidente Ýakyn Gündogardan 16 000 töweregi "meýletinçiniň" rus tarapynda uruşmak üçin gelmäge taýýardygyny aýtdy.
"Eger siz ol ýerde meýletin esasda [gündogar Ukrainadaky separatistlere kömek etmek isleýän] adamlaryň bardygyny görseňiz, ýarpy ýolda garşylap, olaryň söweş sebitlerine gelmegine kömek etmeli" diýip, Putin telewideniýede görkezilen ýygnakda aýtdy.
Şeýle-de Putin Şoýgunyň, “Javelin” we “Stinger” ýaly, ABŞ-da öndürilen we ele geçirilen tanka garşy ulgamlary separatistleriň gözegçiligi astyndaky sebitlerde uruşýan söweşijilere bermek baradaky teklibi bilen razylaşdy.
