Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2022

Stambulda neşe söwdasy bilen ilteşikli Türkmenistanyň bäş raýaty tussag edildi

0
Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen reýdlerde neşe söwdasy bilen baglylykda Türkmenistanyň bäş raýaty tussag edildi. Bu barada türk metbugat serişdeleri 7-nji martda habar ýaýratdylar.


"Haberler.com" neşiriniň maglumatlaryna görä, Kagithane etrap polisiýa müdirliginiň işgärleri neşe maddalarynyň söwdasyny edýänlere garşy Hamidiýe sebitinde kesgitlenen iki adrese reýd gurnady.


Reýdleriň netijesinde 250 gram geroin, rugsatnamasyz saklanýan ýarag, neşe söwdasynda gazanylandygy güman edilýän 9 müň 355 türk lirasy, bir sany neşe ölçeýji terezi we bir sany mobil telefon ele salyndy.


Maglumata görä, geroin maddalary üçege asylan gitaranyň we elektrik paneliniň içinde, rugsatnamasyz ýarag bolsa towuklara we horazlara berilmeli iýmit haltasyndan tapyldy.




Reýdleriň geçirilen ýerlerinde Gahryman A., Döwlet G., Öwlýaguly Y., Çagry H. we Durmuş Y. atly Türkmenistanyň bäş raýaty tussag edildi.


"Olar "neşe ýa-da gyjyndyryjy maddalaryny öndürmekde we onuň söwdasyny etmekde" aýyplanyp, kazyýete geçirildi" diýlip, türk mediasy habar berýär.


Azatlyk Radiosy Kagithane etrap polisiýa müdirligi bilen telefon arkaly habarlaşyp, türkmen raýatlarynyň ykbaly barada goşmaça maglumat almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzy 7-nji martda ýerli wagt bilen sagat 11:30-4:00 aralygynda eden synanyşyklary netije bermedi.


Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we işsizligiň arasynda, türkmenistanlylaryň eklenç gözleginde iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkiýede türkmen migrantlarynyň ady bilen çykýan jenaýat habarlary yzygiderli çap edilýär.


Diňe soňky bir aýyň dowamynda türk metbugatynda türkmenistanlylar bilen bagly ýedi jenaýat habary çap edildi. Şolaryň üçüsi neşe maddalarynyň söwdasy bilen ilteşikli boldy.


Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň 3-nji martda çap eden soňky maglumatlaryna görä, bu ýurtda 125 müňden gowrak türkmenistanly kanuny esasda ýaşaýar. Ýöne synçylar Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň bu görkezijiden has ýokarydygyna ynanýarlar.




Türkmen hökümeti we media serişdeleri ne daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň sany, ne-de olar bilen ilteşikli daşary ýurt metbugat serişdelerinde çykýan habarlar barada aç-açan çykyş edýärler.


Synçylaryň käbiriniň pikiriçe, türkmenleriň ýurduň daşynda baş goşýan jenaýatlary, bir tarapdan öz aň-düşünjeleri bilen bagly, ikinji tarapdan Türkmenistanyň içindäki ýagdaýlar, režimiň halky pulsuz, işsiz we basyşda saklamagy, soň ol ýagdaýdan çykan adamlaryň täze durmuşda özüne orun tapmazlygy bilen baglanyşykly bolup görünýär.


Beýleki tarapdan, soňky döwürde Türkiýede kyn şertlerde ýaşaýan we işleýän türkmenistanlylaryň köpüsiniň, pandemiýa aladalarynyň arasynda, işlerini ýitirip, ýurtlaryna hem dolanyp bilmän, has agyr ýagdaýlara düşýändigi we Türkmenistanyň ilçihanalaryndan hiç bir kömek ýa goldaw alyp bilmeýändigi habar berilýär.


Bu ýagdaýlar ugruny ýitiren, çykalga gözleýän köp adamyň her hili howply işlere baş goşmagyna hem getirýär diýip, Azatlyk bilen gürleşýän migrantlar aýdýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net