D.Koreýanyň goňşulary Phenýanyň ýylyň dokuzynjy synag raketasyny atandygyny aýdýar
Ýaponiýanyň goranmak ministri Nobuo Kişi 5-nji martda eden çykyşynda Koreýa ýarym adasynyň gündogaryndaky deňze tarap raketanyň atylmagy "biziň ýurdumyzyň we onuň töweregindäki sebitleriň ünsden düşürip biljek zady däl" diýdi.
Demirgazyk Koreýa ýanwar aýynda rekord sanda raketa atdy. Soňra ýagdaý birneme durnuklylaşan bolsa-da, Phenýan raketa atyşlaryny 27-nji fewralda gaýtadan güýçlendirdi.
ABŞ-da ýerleşýän we Demirgazyk Koreýa gözegçilik edýän “38 Demirgazyk taslamasy” 4-nji martda çykyş edip, Phenýanyň esasy ýadro reaktor desgasyndaky operasiýalaryň ýadro ýaragyna ýangyç öndürmegiň mümkin alamaty hökmünde doly işleýändigini aýtdy.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti 5-nji martda raketanyň atylmagyny “Demirgazyk Koreýa tarapyndan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýalarynyň ýene bir gezek bozulmagy” diýip atlandyrdy.
Günorta Koreýanyň 9-njy martda geçiriljek prezidentlik saýlawyndaky öňdebaryjy dalaşgärleriň ikisi-de gizlin, kommunist Demirgazyk bilen gepleşiklere täzeden başlamaga synanyşjakdyklaryna wada berdi.
