Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2021

AÝ/AR Azerbaýjan gullugynyň žurnalistleri barada “Pegasus” proýekti bilen üsti açylan maglumatlara gahar-gazap beýan edýär

0
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti we baş müdiri Jeými Flaý Azatlyk Radiosynyň azyndan bäş sany öňki we häzirki žurnalistiniň akylly telefonlarynyň “Pegasus” içalyçylyk programmasy arkaly nyşana alynan bolmagynyň mümkindigi barada üsti açylan maglumatlara gahar-gazap beýan etdi. 


“XXI asyrda örän köp sanly hökümetiň erkin pikiri petiklemek üçin hem-de žurnalistleriň öz watandaşlaryny obýektiw habar we maglumat bilen üpjün etmeginiň öňüni almak üçin synanyşyk etmegi örän uly gabahat” diýip, Flaý aýtdy


“Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy öz žurnalistleriniň şahsy maglumatlarynyň züwwetdinlik bilen  basylyp alynmagyny berk ýazgarýar. Biz Azerbaýjan hökümetiniň Radio Azatlyga garşy ulanýan kemsidiji tejribelerine köp wagtdan bäri üns çekip gelýäris. Biz Azerbaýjan hökümetini biziň web-saýtymyzy petiklemegi bes etmäge, biziň işgärlerimizi yzarlamakdan el çekmäge we biziň öňki býuro başlygymyz Hatyja Ismaýilowany gorkuzmagy bes etmäge çagyrýarys” diýip, Flaý sözüniň üstüni ýetirdi.




Derňew hasabaty 17 media guramasy we Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary proýekti (OCCRP) tarapyndan 18-nji iýulda çap edildi. Bu derňew hasabaty hökümetleri içalyçylyk programmalary bilen üpjün etmekde aýyplanýan “NSO Group” ysraýyl kompaniýasy bilen, 2016-njy ýyldan bäri kompaniýanyň müşderileri tarapyndan gyzyklanma bildirilýän 50 müň telefon belgisi boýunça syzdyrylan maglumatlaryň arasyndaky arabaglanyşyga üns çekýär.


Hasabata görä, “NSO Group” kompaniýasynyň müşderileri Azerbaýjan, Bahreýn, Wengriýa, Hindistan, Indoneziýa, Gazagystan, Meksiko, Marokko, Ruwanda, Saud Arabystany, Togo we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlaryň hökümetlerini öz içine alýar.


Hatyja Ismaýilowa azerbaýjan prezidenti Ilham Aliýewiň maşgala agzalary bilen ilteşikli korrupsiýa hadysalarynyň üstüni açyp, çuň derňew işleri bilen meşgullanmaga başlamazdan ozal, 2008-2010-njy ýyllarda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň Baku býurosynyň başlygy boldy. Ol 2014-nji ýylyň dekabr aýynda türmä basyldy we azeri häkimiýetleri Azatlygyň Baku býurosynda reýd geçirip, ony mejbury ýapdy. Ismaýilowa 2016-njy ýylyň maý aýynda türmeden boşadyldy, ýöne oňa şu ýylyň başlaryna çenli daşary ýurda syýahat etmek gadagan edildi.




Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugy 2009-njy ýylda azeri häkimiýetleri tarapyndan ýerli FM radio tolkunlaryndan mahrum edildi; 2017-nji ýylda azeri kazyýeti gullugyň web-saýtyny, www.azadliq.org saýtyny petiklemek babatynda hökümetiň haýyşyny kanagatlandyrdy. Ismaýilowanyň jogapkärçilige çekilmegi bilen bir hatarda, Gullugyň žurnalistleri alyp gaçmalar, ölüm haýbatlary, eden-etdilikli tussag etmeler, fiziki hüjümler, maşgala agzalarynyň gorkuzylmagy bilen nyşana alyndy. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň haýyşlaryna garamazdan, bularyň hiç haýsy  azerbaýjan häkimiýetleri tarapyndan derňelmedi.


Azerbaýjan hökümetiniň öz žurnalistlerine edýän hüjümlerine garamazdan, Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugy, Radio Azadlyk, ýurtda garaşsyz habaryň aýrylmaz çeşmesi bolmagynda galýar we Internet hem-de emeli hemra arkaly, şeýle-de Facebook, YouTube, Instagram we beýleki sanly platformalar arkaly tekst, audio hem-de wideo maglumatlary işjeň çap edýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net