Polisiýa garaýagyz adamy öldürenden soň, Minneapolisiň golaýynda protestler başlandy
ABŞ-nyň orta günbatar Minneapolis şäherinde bir polisiýa işgäriniň 20 ýaşly garaýagyz adamy öldürenden soň protestler başlandy.
11-nji aprelde giç polisiýa, Minneapolisiň demirgazyk-günbataryndaky Bruklin sentr şäherinde polisiýa bölüminiň daşynda ýygnanan ýüzlerçe adama garşy gözi ýaşardyjy gaz we şöhle guralyny ulandy. Bu şäherde geçen ýyl garaýagyz Jorg Floýdy öldürmekde günälenýän polisiýa işgäri sud edilýär.
“Roýter” habar gullugynyň maglumatyna görä, demonstrantlar iki sany polisiýa ulagyny daşlady.
Bruklin sentr şäheriniň polisiýa müdirligi, polisiýa işgärleriniň adamy ýol hereketini bozandygy üçin saklandygyny we soňra ony tussag etmek kepilnamasynyň bardygyny anyklandygyny aýdýar.
Bölüm polisiýasy bu adamy tussag etmekçi bolanda, ol bir polisiýa işgäri tarapyndan atylmazdan ozal ulagyň içine girip, ulagly gaçypdyr we birnäçe kwartaldan soň başga bir ulag bilen çaknyşypdyr. Onuň wakanyň bolan ýerinde ölendigi aýdylýar.
Atylan adamyň ejesi has giňişleýin maglumat bermegi sorady. Döwlet Jenaýat býurosy atyşygy derňeýändigini habar berdi.