Gyrgyz sesberijileri prezidentligi güýçlendirmek boýunça konstitusiýa üýtgetmelerini tassykladylar
Gyrgyzystanda saýlawçylar deslapky netijelere görä, 11-nji aprelde geçirilen referendumda prezidentiň ygtyýarlyklaryny giňeldýän täze konstitusiýany tassykladylar.
Merkezi saýlaw komissiýasy (MSK)saýlaw býulletenleriniň 90%-niň netijeleriniň saýlawçylaryň 79%-niň konstitusiýa girizilen üýtgetmeleri goldaýandygyny görkezendigini aýtdy.
MSK ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň 35% töweregi bolandygyny we munuň referendumyň güýjünde bolmagy üçin zerur 30% derejesinden ýokarydygyny aýtdy.
Täze konstitusiýa mejlisiň düzümini 25% kemeldip, 90 orna çenli azaltmaga we prezidente sudýalary we kanun goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny bellemäge hukuk berýär. Şeýle hem, prezidentiň gözegçiliginde boljak "maslahat beriji we sazlaşdyryjy organy" döretmäge çagyrýar.
Tankytçylar munuň parallel parlament hökmünde hereket edip, prezidente has köp ygtyýarlyk berip biljekdigini aýdýarlar.
Referendum Sadyr Japarowyň prezident saýlanmagyndan üç aý soň we oktýabr aýynda geçirilen parlament saýlawlary bilen bagly dörän syýasy gapma-garşylyklaryň hem-de Merkezi Aziýa ýurdunyň geljegine degişli tolgunyşyklaryň arasynda geçirildi.