123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2021

"Halkyň halamaýan prezidentini ne kanun, ne-de güýç ulanyjylar gorap biler". Žaparowyň "effekti" we Merkezi Aziýa

0

Gyrgyzystanda irki prezident saýlawlary we hökümetiň görnüşini üýtgetmek boýunça referendum Sadyr Žaparowyň häkimiýetini kanunlaşdyrmak ugrundaky ilkinji ädim boldy. On ýyl arakesmeden soň ýaňadan girizilýän güýçli prezident dolandyryşy bu ýurda hem onuň goňşularyna näme berip biler?

Gyrgyzystanda geçen prezidentlik saýlawlary hem parlament usulyndan prezident dolandyryş görnüşine geçmek baradaky referendum Sadyr Žaparowa goşa ýeňiş getiren ýaly. 17 tamakiniň arasynda ilkibaşda Sadyr Žaparow iň saýlanýan kandidat boldy hem sesleriň 79 göteriminden gowragyny aldy. Saýlawçylaryň 80 göteriminden gowragy parlamentiň dolandyryş görnüşiniň ýatyrylmagyny goldady. Bu üýtgetme ýurtda parlamentarizmiň "abraýdan düşendigini" öňe süren Žaparow tarapyndan teklip edildi.

52 ýaşly Žaparow Merkezi Aziýada ençeme ýyl bäri häkimiýet başynda oturan awtoritar liderleriň arasynda, iň ýaş prezidentidir. Ýöne sebitde ondan hem ýaş wagtynda prezident bolan ýolbaşçylar bar. Mysal üçin, Gurbanguly Berdimuhamedow 49 ýaşynda Türkmenistanyň prezidenti boldy.

JOGAPKÄRÇILIK ÝÜKI

Gyrgyzystanda geçen saýlawlara ses bermäge gatnaşanlaryň sanynyň az bolandygyny bellemek gerek. 10-njy ýanwarda saýlawçylaryň takmynan 40 göterimi ses berdi.

2017-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda bu görkeziji 56 göterim boldy. 2010 we 2015-nji ýyllardaky parlament saýlawlaryna saýlawçylaryň takmynan 55 göterimi gatnaşdy. 2011-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda saýlawçylaryň 61 göterimi işjeňlik görkezdi. 2009-njy ýyldaky prezident saýlawlarynda saýlawçylaryň 79 göteriminden gowragy ses beripdi.

Saýlawlara gözegçilik missiýasyny amala aşyran Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ОBСЕ) saýlawçylaryň sanynyň az bolmagyna ünsi çekdi we dalaşgärler üçin deň şertiň döredilmedigi sebäpli saýlawlary tankytlady. Guramanyň hasabatyna aýdylyşyna görä, ses berlişikde saýlaw prosedurasy bozuldy we administratiw çäreler ulanyldy.

Şular ýaly şertlerde Sadyr Žaparow diňe bir prezident saýlawynda ýeňiji bolman, eýsem geljekde ygtyýarlyklaryny giňeltmäge mümkinçilik gazandy. Şoňa laýyklykda uly jogapkärçilik onuň üstüne düşýär. Saýlawa kandidat hökmünde gatnaşan gyrgyz syýasatçysy Rawşan Jeenbekow S. Žaparowyň ýurtda durnuklylygy saklamak we ýurduň sosial-ykdysady meselelerini çözmek üçin tagallalary öz üstüne alýandygyny aýtdy.

SOWALY KÖP DÖREDÝÄN MESELELER

Žaparowyň gün tertibine girizilen Konstitusiýany üýtgetmek teklibi ilkibaşdan jedelli boldy. Sebäbi 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerine garşy çykyş edenler Esasy kanuny üýtgetmek meselesini öňe sürmändiler. Şeýle-de bolsa, Sadyr Žaparowyň premýer-ministriň hem-de prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde häkimiýet başyna gelmegi bilen täze Konstitusiýany kabul etmek derrew baş orna geçdi.

Gyrgyzystanyň häzirki Konstitusiýasyna laýyklykda, wagtlaýyn prezident prezidentlige dalaşgär bolup bilmeýär. Şeýle-de bolsa, Žaparow bir aýdan soň ol wezipeleri parlamentiň ýolbaşçysyna berdi-de, saýlawlara gatnaşmaga mümkinçilik aldy.

Hereket edýän kanunlar wagtlaýyn prezidente ýa-da möhleti geçen parlamente Konstitusiýa reformasyny teklip etmäge rugsat bermeýär. Şonuň üçin bu ýagdaý Gyrgyzystanda ýuristler, syýasatçy bilermenler hem syýasatçylar tarapyndan ýiti tankyt edildi. Şeýle-de bolsa, referendumyň netijeleri we Žaparowyň ýeňşi konstitusiýa özgertmelerine ýol açana meňzeýär.

Saýlawlardan soň Žaparow täze Konstitusiýa kabul edilýänçä, öňki Esasy Kanunyň öz güýjünde galýandygyny aýtdy. Başgaça aýdylanda, hereket edýän Esasy Kanuna laýyklykda alty ýyl möhlete saýlanan Žaparowyň prezidentlik möhleti üýtgedilip bilner. Konstitusiýanyň täze taslamasynda, prezidentiň möhleti bäş ýyl bolup, oňa iki möhlete saýlanmaga mümkinçilik berýär.

Indi täze Konstitusiýanyň taslamasy boýunça ýene bir referendum iýun aýyna çenli geçirilip, şondan soň parlament saýlawlary bolmaly. Emma Feliks Kulow ýaly tejribeli syýasatçylar täze Konstitusiýa kabul edilenden soň, täze talaplara laýyklykda başga bir prezident saýlawynyň geçirilmeginiň mümkindigini aýdýarlar.

Beýleki bir gapma-garşylyk bolsa 2017-nji ýylda adam alyp gaçandygy üçin, 11 ýyl 6 aý möhlet bilen azatlykdan mahrum edilen Žaparow häkimiýete gelenden soň, Ýokary Kazyýet derrew onuň işine ýaňadan garamagy ileri sürdi. Soň Sadyr Žaparowyň hereketlerinde «jenaýata degişli deliliň ýoklugy» sebäpli Döwlet Howpsuzlygy Komiteti tarapyndan jenaýat işiniň bes edilendigi mälim boldy.

Görnüşinden, goňşy ýurtlaryň häkimiýetleri Gyrgyzystanda geçen saýlawlary we referendumy Žaparowyň syýasy taýdan aklanmagynyň "çözgüdi" hökmünde kabul etdiler. Deslapky netijeler yglan edilen badyna, Gazagystanyň we Özbegistanyň prezidentleri Kasym-Žomart Tokaýew hem Şawkat Mirziýaýew Žaparowy telefon arkaly gutladylar. Soňra Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ony gutlady. Şonda Žaparowyň prezident hökmünde ilkinji resmi saparyny Gazagystana amala aşyrjakdygy belli boldy.

IÇERKI GARAÝYŞLAR

Žaparowyň saýlanmagy bilen jemgyýetde käbir soraglar döreýär: prezidentlik dolandyryşyň ýaňadan gelmegi Gyrgyzystana hem onuň goňşularyna nähili täsir eder? Aslynda ýurduň şeýle reformalara gatnaşmagy "olaryň täsiri astynda" dälmidir? Käbir bilermenleriň pikiriçe, gyrgyz jemgyýetinde milletiň bir bölegi güýçli prezident ygtyýarlyklary bolan goňşy awtoritar ýurtlarda “syýasy durnuklylyk” we “sazlaşyk” bar diýip hasaplaýarlar.

Gyrgyzystanyň garaşsyz syýasy bilermeni Anar Musabaýewanyň pikirine görä, Gyrgyzystanyň ýagdaýy Merkezi Aziýa gös-göni täsir etmez, sebäbi bu ýurtda bolup geçýän düýpli syýasy üýtgeşmeler indi "garaşylmadyk täsiri" getirip bilmez.

— Elbetde, biziň goňşularymyz, esasan-da resmi häkimiýetler Gyrgyzystan Respublikasyndaky syýasy tolgunyşyklara howatyrly garaýarlar. Ýöne 2005-nji hem-de 2010-njy ýyllarda Gyrgyzystandaky syýasy krizisler bilen deňeşdirilende, gyrgyz “rewolýusiýalarynyň” garaşylmadyk effekti ýitdi diýen ýaly. Muňa garamazdan, Gyrgyzystan öz "rewolýusiýalary" bilen ýaramaz durnuksyzlyga, döwlet edaralarynyň gowşaklygyna we beýlekileriň ukypsyzlygyna garşy göreşi dowam etdirýär – diýip,  Anar Musabaýewa Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Anar Musabaýewanyň pikirine görä, Merkezi Aziýa ýurtlary Gyrgyzystanda kanuny hökümetiň bolmagynyň tarapynda. Şol bir wagtyň özünde, sebitdäki demokratiýanyň geljeginiň "gaty garaňkydygyny" hem belleýär.

— Merkezi Aziýa ýurtlarynyň her biri, köp faktorlara, şol sanda taryhy faktorlara baglylykda, öz ýoly bilen barýar. Soňky ýyllarda demokratik ösüşiň global tendensiýalary diýseň gapma-garşylykly. Bu ýagdaý hem sebitimiziň ösüşine täsir edýär. Her niçik bolaýanda-da, hatda parlament saýlawlarynyň we Konstitusiýa özgertmeleriniň gün tertibinde durýandygy göz öňünde tutulanda-da, Gyrgyzystanyň syýasy ýagdaýy ýakyn geljekde häzirkisi ýaly dinamik bolmagynda galar – diýip, Musabaýewa hasap edýär.

GAZAGYSTANYŇ GARAÝŞY

Gazagystanly syýasaty öwreniji Duman Kabdygaliýewiň pikirine görä, Gyrgyzystanyň 2010-njy ýyla çenli bolan prezidentlik dolandyryşa gaýdyp gelmegi Merkezi Aziýanyň beýleki liderleriniň arasyndaky «prezident awtokratiýasy – ýeke-täk dogry ýol» diýen ynamyny güýçlendirýär. Muňa garamazdan, ol bilermen Gyrgyzystanda prezident dolandyryşynyň görnüşi Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda bar bolan derejä çenli güýçlenmegi aňladyp bilmez diýip hasaplaýar.

— Sebäbi biz gyrgyz halkynyň mentalitetini bilýäris. Eger halk [lideri] halamasa, nägilelik döreýärler hem häkimiýeti çalyşýarlar. Gyrgyzystanyň birinji we ikinji prezidentleri – Askar Akaýew we Kurmanbek Bakiýew şeýle protestleriň netijesinde wezipesinden aýryldy. Halkyň halamaýan prezidentini ne kanun, ne-de güýç ulanyjylar gorap bilmez. Bu ugurda Gyrgyzystanyň halky Merkezi Aziýadaky beýleki milletlerden tapawutlanýar. Prezident [dolandyryş görnüşine] geçmek halkyň prezidenti häkimiýetden aýyrmajakdygyny kepillendirmeýär – diýip, Duman Kabdygaliýew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

ÖZBEGISTANYŇ GARAÝŞY

Daşary ýurtda ýaşaýan özbek syýasatçysy Kamoliddin Rabbimow güýzde Gyrgyzystanda häkimiýetiň çalşylmagyny özbek jemgyýeti demokratiýa däl-de, durnuksyzlygyň alamaty hökmünde kabul edendigini aýdýar hem häkimiýet başyna gelen Sadyr Žaparowyň populistdigini belleýär.

— Ol Gyrgyzystanyň ähli sosial meselelerini iki ýa-da üç ýylda çözmek isleýär. Bu asla mümkin däl. Žaparow mümkin bolmajak wadalary berýär. Demokratiýa diňe döwlet institutlary hemişelik esasda işleýän wagtynda demokratiýa bolup biler. Gyrgyzystan bolsa beýle institutlaryň ýokdugyny ýa-da asla işlemeýändigini görkezýär. Muňa men Gyrgyzystanda bolup geçen ýene bir täze syýasy synag hökmünde garaýan. Gyrgyzystanda sosial-ykdysady meseleleri çözmek üçin awtoritar ýolbaşçy däl-de, reformalary amala aşyrmaga ukyply bilermenleriň bileleşigi we döwlet institutlary gerek – diýip, Kamoliddin Rabbimow hasaplaýar.

RUSSIÝANYŇ GARAÝŞY

Merkezi Aziýa boýunça rus syýasy bilermeni Andreý Kazansew Gyrgyzystanda Konstitusiýany üýtgetmek arkaly "bar zady beýlesine öwürmegiň" mümkin däldigini, sebäbi syýasy elita bolsun ýa-da halk, ýurtdaky dürli toparlaryň "garaşsyzlyga öwrenişendigini" aýdýar.

– Her bir ýakymsyz ýagdaýda adamlar aýaga galyp nägilelik bildirýärler; eger oňa päsgel berseler, eline daş alýar ... Häzir gaty güýçli krizis bar, muňa krizis döwrüniň dolandyryjysy gerek. Žaparow populist häsiýetli lider hökmünde kabul edildi, ýerdäki ýönekeý meseleleri çözmäge girişende, halk üçin onuň kimdigi düşnükli bolar. Hökümeti tutuşlygyna ele almagyň mümkinçiligi ýok wagty täze bidüzgünçilikleriň başlanjagy belli. Žaparow Russiýadan hem Hytaýdan kömek sorar. Belki, halkara guramalaryndan sorar. Ýöne olar demokratiýalaşdyrma, parlamentarizm bilen baglanyşykly talaplary öňde goýarlar. Oňa muny ýerine ýetirmek çylşyrymly bolar – diýip, Andreý Kazansew Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Sadyr Žaparowyň haçan kasam kabul etjekdigi belli däl. Gyrgyzystanyň saýlaw komissiýasynyň başlygy Nuržan Şaýldabekow inaugurasiýanyň resmi netijeler yglan edilenden, bir aý soň geçiriljekdigini aýtdy. Şikaýatlara we bolup biljek kazyýet işlerine garalandan soň, inaugurasiýa dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Material Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин сообщил о планах обновления парка «Кузьминки»


Спорт в России и мире
Москва

Трехкратный обладатель Кубка Гагарина уволил тренера и назначил нового


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Россиянка покинула WTA-1000 из-за проблем со здоровьем


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Выпуск ЦФА на платформе «Атомайз» поможет снизить нагрузку на экологию





Путин в России и мире
Москва

Глава МЧС России Александр Куренков представил начальника московского подразделения ведомства


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Киев признал стагнацию ВСУ по всей линии фронта


Навальный в России и мире
Москва

«С какой целью вы пришли почтить память? Он вам родственник?» В Москве осудили девушку, которая пришла возложить цветы в память о Навальном



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Shaman

Shaman направит деньги от концерта в Ессентуках пострадавшим в "Крокусе"



Москва

Сервис GetPayAll обеспечил россиянам возможность продления подписки на сервис по генерации изображений Midjourney

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net