Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Balkanyň häkimiýetleri içerki migrantlary welaýatdan çykarýar

0
Balkanyň häkimiýetleri içerki migrantlary welaýatdan çykarýar

Balkanyň häkimiýetleri işsizligi, döwlet dükanlaryndaky azyk gytçylygyny, bankomatlardaky nagt ýetmezçiligini we olaryň öňündäki nobatlary beýleki sebitlerden gelen içerki migrantlary welaýatdan çykarmak arkaly çözmäge synanyşýar.

Işsizlige, azyk we nagt krizisine garşy görülýän bu çäräniň çäginde polisiýa öýlere aýlanyp, içerki migrantlary gözleýär. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy noýabrda Balkan welaýatyndan habar berdi.

"Şu günler Türkmenbaşy we Balkanabat şäherleriniň polisiýasy başga welaýatlardan gelen raýatlary sebitden çykaryp başladylar. Olar bu şäherlerde diňe Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň ýaşap we işläp bilýändigini aýdýarlar" diýip, içerki migrantlaryň we polisiýa işgärleriniň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri agşam sagat 8-den soň duýdansyz öýlere aýlanyp, jaýda ýaşaýan raýatlaryň pasportlaryny barlaýarlar. Eger raýatlaryň ýazgyda duran ýeri başga welaýatda bolsa, onda olar polisiýa bölümlerine äkidilýär.

"Polisiýa işgärleri olara "Bu ýerden nädip gitseňiz gidiň. Eger ýene bir gezek ele düşseňiz, gaty görmäň" diýip haýbat atýarlar" diýip, habarçy Balkanda Lebap we Mary welaýatlaryndan gelen müňlerçe raýatyň işleýändigini, olaryň bazarlarda araba sürüp, tam süpüriji bolup ýa-da gurluşykda işläp gazanç edýändigini hem belledi.

Polisiýa işgärleri bu çäräniň sebäplerini işsizlik, döwlet dükanlaryndaky azyk gytçylygy, bankomatlardaky nagt ýetmezçiligi we olaryň öňündäki nobatlar bilen düşündirýärler. 

"Dükanlarda azyk çäkli bolandygy sebäpli, polisiýa işgärleriniň aýtmagyna görä, şäheriň resmileri olara içerki migrantlary welaýatdan çykarmagy tabşyrypdyrlar. Şeýlelikde, dükanlaryň, bankomatlaryň öňündäki nobatlary azaltmak maksat edinilýär. Şeýle-de, polisiýa işgärleri häzir bu sebitiň öz ýaşaýjylaryna iş, azyk kömeginiň gerekdigini aýdýarlar" diýip, habarçy belledi.

Habarçy ýurtda indi ençeme aý bäri dowam edýän karantin çäklendirmeleri sebäpli Türkmenbaşy we Balkanabat şäherleriniň ýaşaýjylarynyň ykdysady şertleriniň erbetleşýändigini hem aýdýar.

Ol muňa karantin çäreleriniň çäginde köp kärhanalaryň, şol sanda nebiti gaýtadan işleýän zawodyň, "Hazar Balyk" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we ençeme myhmanhananyň işiniň duruzylmagynyň sebäp bolandygyny belleýär.

"Müňlerçe balkanly işini ýitirdi. Häzir köp adam işsiz öýünde otyr. Bu bolsa adamlaryň maddy ýagdaýynyň erbetleşmegine we arzan azyk önümlerine bolan talabynyň ýokarlanmagyna getirdi" diýip, habarçy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy beýan edilen bu ýagdaýlar barada Balkan welaýat, Türkmenbaşy we Balkanabat şäher häkimliklerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, soňky üç ýyldan gowrak wagt bäri döwlet dükanlarynda azyk, bankomatlarda nagt ýetmezçiligi dowam edýär. Munuň bilen bagly olaryň oňünde uly nobatlar saklanyp galýan mahaly, ilat dürli kösençliklere sezewar bolýar.

Azatlygyň habarçylary pandemiýa sebäpli ýurduň serhetlerinde gatnawlaryň täzeden düzgünleşdirilmeginiň we welaýatlaryň arasyndaky hereket çäklendirmeleriniň azyk hem-de maliýe ýetmezçiliginiň has-da ýitileşmegine getirendigini habar berip gelýärler.

Bu aralykda, balkanly habarçymyz içerki migrantlara garşy görülýän bu çäreden soň, her gün ýüzlerçe marylynyň we lebaplynyň öz welaýatlaryna dolanyp başlandygyny hem aýdýar.

Onuň sözlerine görä, içerki migrantlar hereket çäklendirmeleri sebäpli jemgyýetçilik awtobusynda, otluda ýa-da takside öz ýaşaýan ýerlerine gidip bilmeýärler, şol sebäpli dürli kösençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

"Geçen hepde Türkmenbaşydan Türkmenabat şäherine gelýänçäm transportyň azyndan 30 sany görnüşine mündüm. Serdardan Ahalyň çägine çenli pagta daşaýan traktoryň tirkeginde, pagtanyň içinde, soňra bir çopanyň köne motosiklinde geldim. Arçmandan Gökdepä çenli aralygy mal bazaryna mal alyp barýan üsti açyk, "ZIL" kysymly ýük ulagynda geçdim" diýip, faraply Babamyrat habarçymyza gürrüň berdi.

Ol özi ýaly başga-da sekiz ýoldaşynyň şeýle usulllar bilen Lebaba gelendigini aýdyp, howanyň temperaturasy 3 gradusa çenli ýetýän şu günlerde onlarça kilometr ýoly pyýada ýöräp geçmeli bolandyklaryny hem belledi.

Ýurt häkimiýetleri yokarda aýdylanlary görmezlige salýarlar. Türkmen hökümetiniň hasabatlarynda diňe ýurduň ykdysady ösüşini görkezýän sanlar öňe sürülýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.​






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: Уникальная спецтехника помогает бесперебойной работе метро Москвы


Спорт в России и мире
Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о Всероссийском конкурсе спортивных проектов «Ты в игре»


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Елена Рыбакина выступила с критикой в адрес WTA


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Экологические итоги недели: Миллиарды цикад покроют Америку





Путин в России и мире
Москва

Президент России Владимир Путин подтвердил проведение XVI Международного военно-музыкального фестиваля «Спасская башня»


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко заявил о желании построить в Белоруссии вторую АЭС




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Генсек НАТО прибыл в Киев: главные заявления Столтенберга и Зеленского


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Анастасия Волочкова

Шпагаты, но уже без нижнего белья: хакеры взломали аккаунт Волочковой



Москва

Российские удобрения стали для Европы «новым газом»

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net