Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Moldowanyň prezident saýlawlarynda Günbatara tarapdar dalaşgär ýeňiş gazandy

0
Moldowanyň prezident saýlawlarynda Günbatara tarapdar dalaşgär ýeňiş gazandy

Moldowanyň prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň 16-njy noýabrdaky deslapky netijelerine görä, Bütindünýä bankynyň öňky ykdysatçysy we Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn gatnaşyklara hoşniýetli garaýan Maýa Sandu (Maia Sandu) ýeňiş gazandy.

Merkezi Saýlaw toparynyň deslapky netijelerine görä, Sandu sesleriň 57 göterimine eýe boldy; sesleriň 99 göterimi sanalan wagty ol 43 göterim ses alan Russiýa tarapdar iş başyndaky prezident Igor Dodonyň garşysynda aňsat ýeňiş gazandy.

Sandunyň tarapdarlary Hereket we raýdaşlyk partiýasynyň (PAS) baş binasynda onuň ýeňşini gutlady.

15-nji noýabrda geçirilen saýlawlarda saýlawçylaryň sany ýokary boldy. Oňa saýlawlaryň birinji tapgyryndan 10 göterim has köp adam gatnaşyp, oňa gatnaşyk 52 göterimden köp boldy.

Saýlawlaryň ikinji tapgyry öňki Sowet respublikasynda ýurt Ýewropa Bileleşigine has golaýlaşmalymy ýa-da Moskwanyň orbitasyna has köp çekilmelimi diýen soraglar boýunça çekeleşikli bäsleşik boldy.

Saýlawlar Dodon bilen Sandunyň arasyndaky soňky bäsleşikdir. Sandu 1-nji noýabrda saýlawlaryň birinji tapgyrynda garaşylmadyk ýeňiş gazandy ýöne ikinji tapgyr saýlawlaryň öňüni almak üçin zerur bolan 50 göterim çäkden geçip bilmedi.

Moldawan diasporasynyň arasynda saýlawa gatnaşyk ýokary boldy, 260 müň ses berildi. Birinji tapgyrda 150 müň ses hasaba alyndy.

Londondaky, Berlindäki we Italiýadaky saýlaw merkezleriniň daşynda uzyn nobatlaryň emele gelendigi habar berildi. Frankfurtda german polisiýasy ýalan bomba duýduryşy barada habar alandan soň, bir sagatlap ses berişlik kesildi.

Saýlawlaryň öňüsyrasynda çap edilen pikir soraşyk Sandu bilen Dodonyň çekeleşikli bäsleşikdedigini, onuň netijeleriniň diaspora tarapyndan kesgitlenjekdigini görkezdi. Birinji tapgyrda diaspora köpçülikleýin Sanduwa ses berdi.   

2016-njy ýyldaky saýlawda Dodon Sanduny 5 göterimden hem az bal bilen ýeňipdi. Şol saýlawa galplyk aýyplamalary kölege salypdy.

“Bu gün sizi talan, sizi betbagtlyga sezewar eden we öýüňizi terk etmäge mejbur edenleri jezalandyrmaga güýjüňiz bar” diýip, Sandu wezipede wagty korrupsiýada aýyplanan garşydaşyna salgylanyp, Çişnauda ses berenden soň eden çykyşynda aýtdy.

PAS-yň 48 ýaşly lideri korrupsiýa garşy kampaniýa alyp bardy we Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn gatnaşyklara çagyryş etdi.

Bu aralykda, Dodon paýtagtda ses berişlige gatnaşandan soň, özüniň “parahatçylyga”, “sosial adalata” we “hristiýan gymmatlyklaryna” ses berendigini aýtdy.

“Biz Ýewropa Bileleşigi we Russiýa bilen gowy gatnaşyklary saklamaly” diýip, ol belledi.

Dodon “durnuklylyga” çagyryp kampaniýa ýöretdi we Moskwadan alan karzlaryna we beýleki ykdysady artykmaçlyklara üns çekdi.

Ol koronawirus pandemiýasyna çemeleşigi üçin tankyt edildi. Pandemiýanyň dowamynda 89 müň moldowana wirus ýokaşdy we 2 müňden gowrak adam öldi.

Takmynan 3,5 million ilaty bolan Moldowa Ýewropanyň iň garyp döwletleriniň biri bolup, bu ýurt Russiýa bilen has ýakyn gatnaşyklary goldaýanlar bilen Ýewropa Bileleşigi we esasanam goňşy Rumyniýa bilen gatnaşyklary goldap çykyş edýänleriň arasynda düýpgöter bölünýär.

Moldowanyň köp bölegi II Jahan urşuna çenli Rumyniýa degişlidi. Ol şonda Sowet Soýuzy tarapyndan anneksiýa edildi we ýurduň köp bölegi etniki rumynlardyr.

Ýaramazlaşýan ykdysadyýetden we giň ýaýran korrupsiýadan ejir çekýän ýurt Transdniesteriň çözülmedik statusyndan hem kösenýär. Transdniester bölünip aýrylan sebit bolup, ol 90-njy ýyllaryň separatist urşundan bäri de fakto garaşsyzdyr.

Transdniester ykdysady we syýasy taýdan Moldowany öz täsir giňişliginde saklap galmak isleýän Moskwa tarapyndan goldanylýar. Bu hususan-da öňki sowet respublikalarynda syýasy tolgunyşyk tolkunlary dowam edýän wagty şeýledir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин обнародовал программу развития столичного туризма


Спорт в России и мире
Москва

«Торпедо» объявило об уходе хоккеистов Кручинина, Бауи и Малова


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Андрей Рублёв

Рублёв: быстрая победа над Грикспором связана с тем, что хотел быстрее уйти с корта


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

"Экобас" не для Невы: стильные электросуда для Москвы делают в Ленобласти





Путин в России и мире
Москва

«Ану-ка, девушки!»: какой была легендарная передача, которая вернется на ТВ


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

«Набей им морду, покажи им, что ты настоящий белорус». Лукашенко о поездке спортсменов на Олимпиаду




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Цинизм зашкалил: Елена Зеленская повеселилась в Киеве с герцогиней Эдинбургской


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Певица

Певица из Челябинска разбила телефоны своих фанатов в Москве



Москва

На выставку трофеев на Поклонной горе привезли американскую бронемашину

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net