Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Lebaply kärendeçiler resmi derejede iki aý öň badalga berlen güýzlük bugdaý ekişine häzir girişdi

0
Lebaply kärendeçiler resmi derejede iki aý öň badalga berlen güýzlük bugdaý ekişine häzir girişdi

Lebap welaýatynyň ençeme daýhan birleşiginde iki aý öň geçirilmeli güýzlük bugdaý ekişine hepdäniň ahyrynda badalga berildi. Türkmenistanyň resmi metbugaty ýurtda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişiniň geçirilýändigi barada sentýabryň başynda habar beripdi.

Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysy güýzlük bugdaý ekişiniň gija galmagyny ýerlere ekiş üçin suw tutmak işleriniň giç amala aşyrylmagy, tehnika we dökün ýetmezçiligi bilen düşündirýär.

"Farap we Darganata etraplarynda, şeýle-de Galkynyş etrabynyň Kulyýew, Azatlyk, Göýnik, Ödeý hem-de Bahar daýhan birleşiklerinde güýzlük bugdaý ekişi indi başlandy. Obalarda ekiş, sürüm tehnikalary heniz hem ýetmezçilik edýär. Bar bolan tehnikalar hem dizel ýokdugy sebäpli bu işe doly gatnaşmaýar" diýip, habarçy 13-nji noýabrda beren maglumatynda aýtdy.

2-nji sentýabrda resmi metbugat Türkmenistanda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren ak patasy esasynda, köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişiniň başlanandygyny habar berdi.

"Şu ýyl gelip gowşan täze tehnikalar ekerançylar üçin oňat goldaw bolar. Şol tehnikalar olara ekiş möwsümini has oňaýly möhletlerde geçirmäge kömek berer. Bu bolsa bereketli hasyly almagyň girewidir" diýip, Türkmen döwlet habarlar agentliginiň (TDH) maglumatynda aýdyldy.

Ýöne Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan lebaply gallaçylaryň ençemesi resmi metbugatda aýdylanlaryň hakykaty şöhlelendirmeýändigini, ýiti tehnika ýetmezçiliginiň köpýyllyklaryň dowamynda saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

"Hamala, sebitde güýzlük bugdaý ekişiniň başlanandygy barada döwlet telekanallaryna reportaž taýýarlamak üçin awgust aýynda çäre geçirildi. Şonda welaýatda ýok traktorlary, tehnikalary getirip, telewideniýe üçin maglumat taýýarladylar. Soň bu tehnikalar ýene ýitirim boldy" diýip, adynyň efirde aýdylmazlygyny soran galkynyşly kärendeçi habarçymyza gürrüň berdi.

Ol Lebabyň toprak, howa şertlerinde güýzlük bugdaý sentýabryň 10-dan giç ekilse, onda munuň ýeri we adamlary aldamakdan başga zat däldigini hem aýdyp, hasylyň pes boljakdygyny duýdurýar.

"Tehnika, dökün ýagdaýy häzirki ýaly bolsa, kärendeçiler güýzlük bugdaý ekişini ýanwaryň ortalarynda tamamlarlar. Ýurtda çörek we un gytçylygy dowam edýän pursady, bu ýagdaý pudaga ýene urgy bolar" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Lebap welaýat, Farap, Dargatana we Galkynyş etrap häkimliklerinden, şeýle-de agzalýan daýhan birleşikleriň resmilerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişiniň giç amala aşyrylýandygy barada Azatlyk Radiosy ençeme gezek habar berse-de, ýurt resmileri we mediasy bu barada hiç zat agzamaýar.

Türkmen hökümeti importy azaldyp, eksportyň ornuny tutýan önümleri, şol sanda galla önümleriniň öndürilişini artdyrmagy, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegi maksat edinýändigini tekrarlaýar. Emma muňa garamazdan, soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri ýurt raýatlary un, çörek, kepek gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Bu ýyl Türkmenistan 690 müň gektar ýere bugdaý ekip, 2021-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny almagy planlaşdyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин обнародовал программу развития столичного туризма


Спорт в России и мире
Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о строительстве спортивных объектов


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Полина Михайлова

Россиянка Михайлова стала чемпионкой Франции по настольному теннису


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Экологические итоги недели: Миллиарды цикад покроют Америку





Путин в России и мире
Москва

«Ану-ка, девушки!»: какой была легендарная передача, которая вернется на ТВ


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Мэр Киева Кличко рассказал о попытках встретиться с Зеленским лично


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Антонио Вивальди

«Вивальди. Времена Года. Шнитке. Кончерто Гроссо»: концерт в старинном соборе при поддержке Relax FM



Москва

Папа прокурор, который отмажет? На историческую родину вместе с папой! Навсегда!

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net